Käbir adam taryhy we medeni ýerlere aýlanyp syýahat etmegi halaýan bolsa, käbirleri bolsa tebigata çykmagy, kenarda dynç almagy saýlaýar. Ynha şeýle kenarda, tebigatyň arassa howasynda, asuda ýerde dynç almak üçin dünýäde ajaýyp ýerleriň biri-de Kauai adasydyr.
Kauai Gawaý döwletinde ýerleşýär. Bu ajaýyp kenar dünýäde dynç almak üçin iň naýbaşy ýerleriň biridir. Bu ýeriň ilaty 10 müňe barabardyr. Şonuň üçin bu ýer dynç almak üçin iň asuda ýerleriň hem biri hasaplanýar. Kauai adasynda ýerleşýän binalar kakos agajyndan beýik däldir. Şonuň üçin her bir adama bu ýerde tebigat bilen sazlaşykly halda rahat dynç almaga şert döreýär. Geliň bu ajaýyp kenar barada käbir maglumatlara ser salalyň.
Iň asuda kenar
Her bir adam bu ýerde hakyky asudalygy tapyp bilersiňiz. Çünki bu ýerde awtoulag we beýleki zatlaryň sesi syýahatçylaryň dynç alyşyna hiç hili päsgel bermez. Çünki bu ýerde diňe siz tolkunlaryň, guşlaryň we şuňa meňzeş tebigy seslerden öz keýpiňizi çaglarsyňyz. Hakykatdanam Kauai iň asuda kenarlaryň biri hökmünde dünýäde meşhurdyr
Iň oňat botanika täsinligi
Kauai adasy başgaça «Bag adasy» diýip atlandyrylýar. Botanika bagy, şarlawuklar, howuzlar, suw çüwdürimler bu ýere gelenlerde ýakymly täsir galdyrýar. Bu ada Gawaý ösümlikleriniň iň uly ýygyndysyny saklaýar. Bu ýerde ösümlikler hiç hili suwarylmaýar. Çünki ada döwletiň demirgazyk tarapynda ýerleşýär we ada häli-şinde ýagynly bolup durýar.
Iň tagamly deňiz önümleri
Kauai adasyndaky ýerleşýän kafedir restoranlarda tagamly deňiz önümleri dynç almaga gelenlere amatly bahadan ýetirilýär. Olaryň her bir önümi özüniň terligi, täzeligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýörite balyk bazary ýerleşip onda balyklaryň we deňiz önümleriniň dürli görnüşleri hem satylýar.
Iň arassa kenar
Kauai kenary dünýäde iň arassa kenarlaryň biri hasaplanýar. Çünki bu ýere gelýän her bir raýat arassaçylyk düzgünleri doly berjaý etmegi hökmanydyr. Kenardaky ak çäge diýseň arassa hem-de jana şypa berijiligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde aýakgapsyz gezelenç etmegiň aýratyn lezzeti bar. Syýahatçylar bu ýerde özleriniň bedenlerini berkidip, oňaýly dynç alýarlar.
Iň amatly we döwrebap myhmanhanalar
Bu ýerde döwrebap hem-de amatly bahadaky restoranlaryň birnäçesi ýerleşýär. Onda kaşaň myhmanhanalaryň içinde bejeriş merkezleri, açyk we ýapyk howuzlar we başa-da dynç almak üçin birnäçe mümkinçilikler bar. Mundan başga-da amatly bahadan çadyrlar we kiçiräk ýokary hilli myhmanhanalar bar. onda her bir syýahatçy rahat dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen.