SIZDEN GELENLER

7 ýaşly lukman

Gijäniň ýaryndan geçipdi, gapy kakyldy. Jemal derrew gözlerini açdy we içinden “Allajanlarym eýgilikmikä?” diýip gapa ýöneldi. Ýoldaşy iş saparyna gidipdi. Ol öýde çagalar bilen ýeke özüdi. Gaýynlary bilen bir howluda iki hojalyk bolup ýaşardylar. Şonuň üçin hem gapyny kakanyň ýa gaýyny ýa-da baldyzydygyny anyk bilýärdi. Gapyny açyp seretse baldyzy, “Gelneje ejem ýaranok, halys gidip barýar, ýetişeweri” diýdi. Jemal aljyrady, gaýyny Enegül daýza entek düýnjek Arçman şypahanasynda dynç alyp gelipdi, ýagdaýlary gowudy. Ol ilki bilen telefonyny almak üçin yzyna öwrüldi, görse kiçi gyzy Aýsoltan hem oýanyp onuň yzy bilen gelýän eken. Telefony alyp meýdana çykdy, gaýyn öýüne ýetýänçä derrew tiz kömege, yz ýany bilen özlerinden uzakda ýaşamaýan gaýynekejisine jaň etdi. Içeri girip seretse, gaýynenesi zordan dem alýardy, gyzgyny jyda ýokarydy. Hä diýmän tiz kömek geldi, onuň yz ýany bilen Enegül daýzanyň uly gyzy hem gelip ýetişdi. Tiz kömek bilen gelen lukmany näsagy derrew hassahana alyp gitmelidigini aýtdy. Olar tiz kömek ulagyna artykmaç adam alyp biljek däldirler, diňe öz kärdeşleri bolansoň Enegül daýzanyň uly gyzy onuň ýany bilen gidip biljekdi. Emma kiçijik Aýsoltan hem ylgap mündi-de enesiniň başujynda oturdy. Wagt ýitirmek islemändigi üçin lukman ony düşürmekçi hem bolmady. Tizden-tiz hassahana ugradylar. Aýsoltan şol wagt 7 ýaşyndady. Onuň enesine kömek edesi gelýärdi, ellerini berk gysyp saklap otyrdy. Ol enesini “Okgaeje” diýip atlandyrýardy. Ol at “ullakan eje” diýmegi aňladýardy we Aýsoltanyň çala dil açan çaga wagtlaryndan galan ýadygärlikdi. Hassahana baranda Aýsoltan zalyň ugrunda garaşmaly boldy. Lukmanlar ellerinden gelenini etdiler, enäniň ýagdaýy az hem bolsa gowulandy. Emma onuň ýanyna hiç kim goýbermediler. Aýsoltanyň muňa juda lapykeç boldy. Ol ejekesi bilen öýlerine dolanmaly boldy. Ertesi Aýsoltanyň mekdepde hem mazasy bolmady, ol tizräk sapaklaryň gutararyna howlukdy, hassahana gidip enesini görjekdi. Sapaklardan soňra göni hassahana gitdi. Lukmanlardan rugsat alyp enesiniň otagyna girdi. Enesiniň gözleri açyk, aýnadan daşara seredip ýatyrdy. Ol agtyjagynyň gelenini görüp juda begendi, Aýsoltan bolsa juda aljyrady. Ol enesiniň agzyna hem burnuna dakylan rezin turbajyklary görüp näme etjegini bilmedi. Enegül daýza biraz agtyjagyny söýgüledi, “Aýsoltan gyzym, aý gyzym Göroglyny göreşde ýykan gyzym. Hany gyzym şu turbalary, elimdäki ignäni aýyr balam. Men şonsuzam gowulandym, arkaýyn dem alaýyna” diýdi. Aýsoltan näme diýjegini bilmedi. Ol bir tarapdan enesine kömek edip enesiniň aýdyşy ýaly ignedir turbalary aýyryp taşlamak isledi. Beýleki bir tarapdan lukmanlaryň edýän işini hem dogry hasaplady, olar enesine kömek etmek üçin şeýdýärdiler ahyry. Geljekde iň uly arzuwy lukman bolmak bolan gyzjagaz enesine hiç hili kömek edip bilmedi, lukmanlaryň tarapynda galmaly boldy. Emma, welin çaga ýüreginden juda gynandy. Agysy tutdy, ýöne aglap bilmedi. Göz ýaşlary bokurdagynda galdy. Öýlerine ýüzi asyk gaýtdy.

Ertesi Enegül daýzanyň iş saparyna giden uly ogly dolanyp geldi. Kakasy gelende gapyny Aýsoltan açdy. Gelniniň bu sagatda işde bolýandygyny bilýän Baba aga gyzyndan ejesini sorady. Aýsoltan ýere seredip dymdy, soňra bolsa ýuwaş ses bilen ”hassahanada” diýdi. Gyzyndan bolan ýagdaýy doly diňländen soňra kakasy derrew etrap hassahanasyna ugrady. Hassahana baranda ejesiniň daşarda gezmeläp ýörenini gördi, az hem bolsa rahatlandy. Ejesi bilen hal-ahwal soraşdy, soňra lukman bilen gürrüň etdi. Lukman ejesiniň ýagdaýynyň şu gün irdenden bäri düýpgöter gowulanandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa ýene bir-iki gün gözegçilikde saklamak gerek boljakdygyny düşündirdi. Çünki hassalar şeýle birden gowulanan ýagdaýynda garaşylmadyk ýagdaýlaryň hem bolmagy mümkindigini düşündirdi. Agşamyna Enegül daýzanyň ýanynda ýa gyzlaryndan biri ýa-da gelni Jemal nobat tutýardylar. Zenan ýüregi bir zat syzdymy nämemi bu gün näme üçindir hem Jemal gelin hem gyzy Akja enäniň ýanynda galdylar.

Entek daň atmagyna esli bardy. Gapy kakyldy, daşardan ulagyň sesi eşidilýärdi. Baba aganyň ýüregi jyzlady, gapyny juda kynlyk bilen açdy. Ýary gije Enegül daýza agyrlaşypdyr, lukmanlaryň näçe jan edendiklerine garamazdan, ene bu dünýä bilen hoşlaşypdyr. Jaýyň içinde peýda bolup başlan goh-galmagala çagalar hem oýanyp başladylar. Olar doly düşünmeseler hem ulularyň gürrüňlerinden enesine birzat bolanyny aňdylar. Çagalary garyndaşlara ugratmaly diýen karara geldiler. Ilki olara eneleri bilen hoşlaşmaga rugsat berdiler. Aýsoltan enesiniň otagyna girende onuň göwnüne enesi uklap ýatan ýalydy. Enesini hassahanada göreninde bokurdagyna düwün bolan göz ýaşlary ýene bir gezek bardyklaryny duýdurdylar. Ol enesiniň elini tutdy, sowukdy. Ol içinden “Enem üşäpdir, daşary sowuk bolmaly. Ol ýylyja ýerde biraz ukysyny alsyn, oýanar” diýip enesiniň üstüni has-da ýapyşdyrdy.

Jynaza okalyp, ähli kada-kaýymlar sowulandan, aradan bir hepde wagt geçenden soňra çagalar öýe geldiler. Öý tukatdy. Aýsoltan ilki bilen eneleriniň öýüne ylgady. Ähli otaglary aýlanyp çykdy. Enesi ýokdy. daşary çykdy. Öňler howla çykanynda enesiniň gapynyň agzyna halyça düşäp çaý içip oturanyny ýa bolmasa kiçijik melleginde

“Güller ekdim, gunça açdy

Gül ýygmaga gelmediň

Bagymyzda iýmiş bişdi

Sen ýygmaga gelmediň”

diýip, aýdyma hiňlenip güllerine ideg edip ýörenine gözi düşýän gyzjagaz häzir ony hiç ýerden tapyp bilmedi. Edil şu pursat enesiniň indi hiç dolanyp gelmejegine göz ýetirdi. Dünýäsi daraldy. Esli günden bäri bokurdagynda duran ýaşlar ahyr gözünden akdy. Hemmeden gizlenip sojap-sojap aglady. Şol gün hassahanada enesine kömek etmedigine gynandy. Özüni bildi-bileli lukman bolmak islegi bardy, emma bu gün ýedi ýaşlyja gyzjagaz lukman bolmagy öz öňünde maksat edindi.

Tomus paslynyň ahyrky aýydy. Aýsoltan bu gün paýtagtdan öýlerine dolandy. Onda-da nähili dolanmak, on bir ýyl mundan öňki maksadyna ýetmek üçin iň esasy synagdan geçip dolanýardy. Ol lukmançylyk uniwersitetiniň talyby bolup gelýärdi. Çagalygyndaky erjelligini, sabyrlylygyny ýitirmän okuwyny üstünlikli tamamlasa “Lukman” boljakdy. Mundan ençeme ýyl ozal, enesine kömek edip bilmedik hem bolsa, enesi ýaly birnäçe dertli ynsanlaryň derdine derman bolup, maşgalalaryna şatlyk paýlap biljekdi. Çagalygynda başyndan geçiren şol gijedäki waka geljekde çagalaryna gürrüň berip biljek iň gyzykly ýatlamasy bolup bilerdi: “Lukmançylyk kärine heniz ýedi ýaşymda wagtym başlapdym, enemi hassahana tiz kömek ulagynda men alyp gidipdim”.

Laçyn Mirabowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika