Öňki söhbetdeşliklerimde-de aýdypdym, iş meýilnamamyz boýunça biz – kitaphana işgärleri döredijilik, sungat adamlary bilen ýygy-ýygydan duşuşyp durýarys. Okuw ýylynyň ahyrynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän № 52-nji orta mekdepde “Zehinli okuwçylaryň döredijiliginde halypa şahyr” atly edebi duşuşyk geçirdik. Şonda mekdep okuwçylarynyň arasynda halypa şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanow bilen duşuşyk geçirmeli bolamsoň, şahyryň döredijiligini içgin öwrenmeli boldum. Onsoň kitaphanamyzyň “Hazynalar” bölüminden onuň eserlerini aldym. Şahyryň “Ýaşlyk depderi” atly goşgular ýygyndysyny okap otyrkam, “Betbagtlyk nirede?!” diýen şygry bada-bat ünsümi çekdi.
Galstuk
Aýakgaba ýüzlendi bir gün:
– Sen betbagt ekeniň,
Adam mydama,
Aýagynyň astynda
Saklap ýör seni.
Görýäň-ä, men welin,
Onuň boýnunda…
Aýakgap ýylgyrdy:
– Belkäm dogrudyr.
Ýöne sen bir zada düşüngin dostum.
Men hemişe ony, göterip gezýän.
A sen oň boýnundan aslyşyp ýörsüň.
Iki bentden ybarat bolan goşgynyň giň manysy diýseň oýlandyrdy. Bu goşgyny okanyňda edep-terbiýäni, beýik adamkärçiligi, pespälligi aňlamak bolýar. Geçirilen çäreden soň şahyr Mämmetgurban aga bilen söhbetdeşlik taýýarlap onuň täsirli, gyzykly gürrüňlerini okyjylara ýetirmek isledim. Elbetde, ilkinji nobatda meni haýsy kärdäki adam bolsa-da onuň gylyk-häsiýeti, adamkärçiligi gyzyklandyrýar. Eger-de, şahyr hoş sözi bilen kabul etmedik bolsa, döredijiligi nähili beýik bolaýanda-da, mende ol hakda ýazmak pikiri döremezdi. Halypalaryň, sungat işgärleriniň mähribanlyk, güler ýüzlülik bilen garşylamagy döredijilige ýaňy ýörjen-ýörjen bolup başlan pursatymda maňa ruhy goldaw berýär. Şol pursat ol hakda eşidenimi, bilýänlerimi halka ýetirmek üçin howlugýaryn. Bu gezegem uly höwes bilen galama ýapyşdym. Mämmetgurban Mämmetgurbanowy diňe şahyr hökmünde gaýybana tanaýardym. Onuň bilen gyzyklanyp otyrkam onuň dramaturg hökmünde pýessalarynyň hem ýurdumyzyň teatr sahnalarynda sahnalaşdyrylandygyny bildim. Şeýle hem mekdep okuwçysy döwrüm onuň şahyr Annasoltan Kekilowanyň döredijiligine bagyşlap taýýarlan “Ömürzaýa ýyldyzym” atly kitabyny okapdym. Geçirilen duşuşykdan soňra bilesigelijilik islegim halys erkime goýmansoň, şahyr bilen söhbetdeşlik edip, oňa birnäçe sowallar bilen ýüzlendim. Pespäl, kiçigöwün şahyr howlukman soraglaryma giňişleýin jogap berdi.
– Mämmetgurban aga döredijilige haçan başladyňyz? Şahyrçylyk elbetde, alla tarapyn berilýär, ýöne kimdir biriniň goldawy, ugrukdyrmagy hökmany ýagdaý.
– Jigim bu sowalyňyz çagalyk ýyllarymy ýatladýar – diýip, şahyr gürrüň bermäge başlady: – Ähli sapaklarymam gowy görýärdim, ýöne, has gowy görýän sapagym edebiýat sapagydy. Bir gezek 6-njy synpda okaýarkam edebiýat mugallymymyz synpymyzdaky okuwçylaryň hemmesine: “Indiki sapaga goşgy düzüp geliň!” diýip tabşyryk berdi. Her gezek edebiýat sapagyň yzyndan bedenterbiýe sapagy bolýardy. Şol gezegem bedenterbiýe sapagyna girip ýerli-ýerimize geçemizsoň, Ýazly mugallym: “Okuwçylar haýsy sapakdan geldiňiz?” diýip sorag berdi. Biz: “Edebiýat sapagyndan” diýip jogap berdik. Mugallym: “Edebiýat mugallymy näme ýumuş tabşyrdy?” diýip ýüzümize seretdi. Ýerimden turup, indiki sapaga çenli goşgy düzüp gelmegi tabşyrdy diýdim. Ýazly mugallym: “Okuwçylar mugallymyňyz size gowy ýumuş tabşyrypdyr. Menem kitap okamagy, goşgy diňlemegi gowy görýän. Bedenterbiýe sapagyndan okatsam-da, menem size edebiýat mugallymyň ýumşuny tabşyrjak! Goşgy düzüp bilýänem, bilmeýänem synanyşsyn! Hany göreli, kim nähili goşgy düzýärkä?” diýdi. Klasymyzda 20 okuwçy bolup okaýardyk. Indiki sapaga çenli ýene bir hepde töweregi wagtymyz bardy. Her gün okuwa gelenimizde üýşüp, kim nähili goşgy düzen bolsa bir-birege okap berýärdik – diýip, Mämmetgurban aga ýylgyryp gürrüňini dowam etdi:
– Bally atly klasdaşymyz “Jigimiň daragy”, Allamyrat atly oglan “Gowaça” diýip goşgy düzüpdir. Menem öýe gelip diňe kitap okaýan, nähili goşgy ýazyp biljegim hakynda oýlanýan. Halys pikirimi jemläp bilemok, garaz ýadap howlymyza çykdym. Tapçanda daş-töweregi synlap oturşyma, birden goňşymyzyň howlusyna gözüm düşdi. Goňşymyzyň Gözel atly gyzjagazy bardy. Oňa çenli Gözeljigiň kakasy işden geldi. Onuň elinde-de gurjak bardy. Kakasy gurjagy uzadandan Gözeljik begenip, dessine gurjagyny oýnamaga başlady. Bu pursaty synlap oturşyma “Gözeljigiň gurjajygy” atly goşgyny düzdüm. Ol şeýle:
Gözeljige kakasy,
Getirdi bir gurjajyk.
Gözeljige diýdi ol:
“Al, gurjagyňy turdajyk”.
Gözeljik höwes bilen,
Gurjagyna gülüp bakdy,
Läle dakyp adyna,
Täzeje köýnek tikdi.
Oýunjagyn üýşürip,
Oýnadylar bileje.
Soňra Lälejik bilen,
Çykdylar gezelenje.
Sapakda mugallyma goşgymy okap berdim. Ol wagtlar mekdep okuwçylary üçin “Mydam taýýar” gazeti çykýardy. Mugallym goşgyny gazete ugratmagy maslahat berdi. Şeýdip, goşgymy gazetde çap etdiler. Şondan soň köplenç goşgularym gazetlerde çap edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilýärdi.
– Döredijilik ýolunda haýsy şahyrlary halypaňyz hasaplaýaňyz ?
– Çaga döwrümiz obalara şahyrlar, aýdymçylar gelerdiler. Olar goşgy okap, aýdym aýdardylar. Bir gezek obamyza Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, kyssaçy, rubagyçy meşhur şahyr Mämmet Seýidow geldi. Hemme ýaşulular, ýaşkiçiler olary diňlemek üçin ýygnanyşdylar. Ol wagt men mekdep okuwçysydym, özümem ýaňy bir galama ýapyşyp, goşgy ýazmaklyga ýykgyn edip ýören wagtlarymdy. Şonda ilkinji gezek ýazan goşgularymy Kerim şahyryň öňünde okamak miýesser etdi. “Gel inim, bize nähili goşgy okap berjek?” diýip, nurana, mährem keşbi bilen Kerim aga ýylgyryp soragly nazaryny ýüzüme dikdi. Menem goşgymyň ady “çybyn” diýdim welin, oturan adamlar gülüşdiler. Şahyr bir geňsi ýylgyryp: “Çybyn hakynda nähili goşgy bolup biler? Hany oka, diňläli!” diýdi.
Bir işdämen çybynjyk,
Gelip adama gondy.
Sordy onuň ganyny,
Garny gerk-gäbe boldy.
Ony gören adamyň,
Demir ýaly penjesi,
Çybyna garşy i:ndi
Şol dem dillendi çybyn:
“Saklanawer, adamzat
Tenimde seň ganyň bar,
Ikimiz dogan indi…”
Dogan okaşmak hakynda atamdan eşidipdim. Men şu goşgyny degişme äheňinde düzdüm – diýip şahyra seretdim. Kerim şahyr bu goşgyny diňledi-de: “loh-loh gülüp, sen-ä inim meniň stilimde ýazypsyň” diýdi. Soňam: “Inim sen şahyr, ýazyjy boljak bolsaň köpräk şahyrlaryň, ýazyjylaryň eserlerini oka! Hökman okuwyňy dowam et!” diýip maslahat berdi. Şeýdip Kerim şahyryň maslahaty bilen türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň, klassyk şahyrlaryň goşgularyny, daşary ýurt edebiýatlaryny ürç edip okap başladym. Kitap okamak düşünjäňi artdyrýar, söz baýlygyny ösdürýär, bilmeýän soraglaryňa jogap tapýaň. Galyberse-de kitap okasaň oturan ýeriňden dünýä seýran eden ýaly bolýaň. Her bir kärde-de, esasanam döredijilik, sungat ýolunda halypaň bolmaly. Goşgy goşup, eser ýazmakda halypa hökmünde akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny, Kerim Gurbannepesowy, Gözel Şagulyýewany, Gara Seýitliýewi, Nargylyç Hojageldiýewi, Gurbandurdy Geldiýewi, Lýdmila Gromowa dagyny aýdyp bilerin diýip, şahyr bir salym oýa batdy-da ýene gürrüňini dowam etdi:
– Bir gezegem obamyza Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanow geldi. Ýene mähelle üýşdi. Menem aýdym diňlemäge bardym. Adym atamyň ady bolansoň, ýaşulurak adamlar atamy hormatlap kiçi çaga bolsam-da “Mämmetgurban aga” diýerdiler. Döwlet aga atly bir ýaşuly bardy. Ol meniň elimden tutup: “Mämmetgurban aga ýör, bagşyň ýanyna” diýip, Annaberdi Atdanowyň ýanyna eltdi-de: “Hany bagşy, sen bir salym çaý iç, dynjyňy al. Aýdym aýdyp hezil berdiň” diýdi-de: “Bagşy, şu oglanjyk goşgy düzýär. Ýaş şahyryň goşgularyny diňläň” diýip, meni bagşynyň ýanynda oturtdy. Başymy galdyryp, daş-töweregime seretdim welin, hemmeler maňa seredýär. Aljyradym, şol wagt agzyma bir sözem gelenok. Özümem utanýan, hiç bir goşgym ýadyma düşenok. Içimden: “Indi nätsemkäm?” diýip oýlanýan. Şol wagt Magtymguly atamyzyň goşgusy ýadyma düşdi. Yzyndan Kerim şahyryň, Gurbannazar Ezizowyň, Gözel Şagulyýewanyň goşgularyny labyzly edip aýdyp başladym. Öz goşgym ýadymdan çyksa-da bu şahyrlaryň goşgulary hiç ýadymdan çykmaýardy. Hat-da gije turzup, sorasalaram aýdyp biljekdim. Şeýdip utanyp, gyzaryp goşgulary okap boldum-da çalaja başymy galdyryp, bagşynyň ýüzüne seretdim. Annaberdi Atdanow mähir bilen başymy sypap: “Goşgulary gaty gowy okadyň, indikide öz goşgularyňam okap ber!” diýdi. Men şeýle bir utandym, hamana biriniň zadyny ogurlan ýaly özümi oňaýsyz duýdym. Utanjymdan ýüzüm lap-lap gyzdy. Ýagdaýymy duýan bagşy Annaberdi Atdanow: “Utanma inim, eger goşgy düzüp bilmeýän bolsaň, seni bärik çykarmazdylar. Sen köpräk oka! Geljekde gowy şahyr bolarsyň” diýdi. Halkymyzyň meşhur bagşysynyň beren maslahaty meniň üçin uly goltgy boldy. Çagalyk döwrümde tanymal ýazyjy-şahyrlar, bagşylar bilen duşuşmagym, döredijilik ýolumda uly ähmiýet berdi – diýip ýatlady. Şahyryň edebiýata, şygyr dünýäsine bolan höwesi ony haýsy ýokary okuw jaýyna eltdikä diýen gyzyklanma bilen ýene-de sowal berdim.
– Mämmetgurban aga orta mekdebi tamamlap, nirede, haýsy ýerde okadyňyz, nähili hünäri ele aldyňyz?
– Ýetginjeklik ýaşyna ýetenimde žurnalistika höwes edip başladym. Orta mekdebi üstünlikli tamamlap Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň türkmen filologiýa fakultetine okuwa girdim. Uniwersitetde okap ýörkäm birnäçe gezek Kerim aga bilen duşuşmak miýesser etdi. Halypam Kerim şahyrdan köp zatlary öwrendim. Uniwersitetiň ikinji ýylyny gutarynymdan soň, ol döwürler bizde žurnalistika fakulteti ýoklugy sebäpli, meni döwlet tarapyndan Sankt Peterburga okuwa ugratdylar. Şeýlelik bilen žurnalistika hünärinden okap, halypa mugallymlardan tälim aldym. Okuwymy gutaryp gelenimden soň Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli Dünýä dilleri institutynyň aspiranturasyna okuwa girdim.
– Mämmetgurban aga ylmy işiňizde nähili tema saýladyňyz?
– Menem siz ýaly tanymal adamlar bilen gyzyklanyp duşuşyp, şolar hakynda makala ýazýardym. Olaryň hersiniň bir öz dünýäsi bar. Köpüsiniň özi bilen duşuşyp gürleşdim. Şol döwürde ýaş ýazyjylaryň makalalarynyň seminary geçirilýärdi. Her döwre görä sözler üýtgeýär. Ol wagt şu günlerde aýdylyşy ýaly, konferensiýa ýa-da ylmy maslahat diýilmän seminar diýilýärdi. Ýaş ýazyjy hökmünde geçirilýän seminara gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Şol wagtlar türkmen şahyrlary Annasoltan Kekilowanyň, Italmaz Nuryýewiň, Halyl Kulyýewiň döredijiligi, olaryň şygyr düzüş aýratynlygy bilen gyzyklanýardym. Meni has-da zenan şahyryň galam ýörediş özboluşlylygy özüne çekdi. Annasoltan Kekilowa hakynda makala ýazdym. Seminarda makalam ýer aldy. Şeýlelik bilen şahyr zenanyň döredijiligi, ykbaly hakynda ylmy işimi tema hökmünde saýlap aldym. Şeýdip “Ömürzaýa ýyldyzym” kitabyň başyny başladym.
– “Ömürzaýa ýyldyzym” atly goşgular ýygyndysynyň döremegine näme täsir etdi? Annasoltan Kekilowanyň täsirli şygyrlarymy ýa-da onuň ykbaly?
– Beýleki şahyrlar bilen duşuşsam-da, Annasoltan Kekilowa bilen duşuşmak miýesser etmedi. Şahyrlary öwrenip ýörkäm, onuň şygyrlaryna gabat geldim. Goşgularyny okap, onuň köp kynçylyklara duş gelendigini duýdum. Zenan şahyryň pajygaly ykbalyny bilmek has gyzyklandyrdy. Ejizläniň egninden götermek, adalatyň tarapdary bolmak çagalykdan häsiýetim. Şol döwürde bigünä, pida bolan şahyr zenana adalatsyzlyk edilipdir, ony gaty kösäpdirler. Başga-da köp adamlar Annasoltan Kekilowa bilen gyzyklanypdyrlar. Şahyr zenan hakynda dürli ýerlere maglumat gözläp baranymda: “Kyn işe baş goşupsyň, öňüňde päsgelçilikler köp bolar” diýdiler. Emma ruhdan düşmän maksada okgunlylyk bilen hereketimi dowam etdim. Žurnalistikadan okadýan mugallymlarymyň öwredişi ýaly her bir kynçylygyň öňünde durmagy, hakykata adalatly seretmegi ýüregime düwdüm. Her hili kynçylyklara gabat gelsem-de, şahyr zenanyň ýatan hassahanalaryna baryp, onuň bilen okan, gatnaşan, işlän adamlary tapyp olaryň aýdan gürrüňlerini ýazyp aldym. Şeýle güýçli şahyr zenany dünýä ýüzüne tanatmak isledim – diýdi. Mämmetgurban aganyň gürrüňini diňläp otyrkam Annasoltan Kekilowanyň “Ömürzaýa ýyldyzym” atly goşgular ýygyndysyndaky şeýle setirler ýadyma düşdi.
Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz,
Meniň bilen asyr barýar ädimläp.
Kükreginde syrlar gizläp topragym,
Gyzykly gür berýär pikirin jemläp.
Men ölsem-de, ölmez, ýaşar asyrlar,
Men ölsem-de, ölmez, ýaşar nesiller.
Meni ýagşylykda ýatlasa biri,
Ömrümden razy,
Diri men, razy!
Annasoltan Kekilowa hakynda onuň başdan geçiren agyr günleri hakynda maglumat toplap, şahyryň özüni, goşgularyny halka ýetirmek, hakykaty dikeltmek öz döwründe goýberilen ýalňyşlygy ýerine salmak, onuň nähäk pida bolandygyny aýtmak şahyryňam, žurnalistiňem borjy. Goşgy bilen utgaşyklykda ynsan durmuşy dowam edýär. Hudaýa şükür özi görmese-de, Annasoltan Kekilowanyň hormatyna onuň ýaşan köçesine ady dakyldy. Oňa Ýaşlar baýragy berildi. Goşgulary mekdep programmasyna girizildi. Birnäçe goşgulary bolsa bagşylaryň dilinde aýdym edilip aýdylýar. Onuň goşgy setirlerinde beýan edişi ýaly biziň aramyzda mydama ýaşar diýip, Mämmetgurban aga sözüne dyngy berdi. Men oňa:
– Mämmetgurban aga ýakyn günlerde täze kitabyňyzyň çapdan çykýandygyny eşitdik. Höwri köp bolsun! Şol kitabyňyz bien tanyşdyraýsaňyz hem – de halypa hökmünde döredijilik ýoluna gadam basan ýaşlara berjek maslahatyňyz?!
– Hawa nesip bolsa ýakyn günlerde “Kelam kalby – kamaty” atly kitabym halk köpçüligine hödürlener. Kitapda dürli ýyllarda ýazan goşgularym hem-de şahyrana oýlanmalarym ýerleşdirilendir diýip, halyp şahyr ine, zehinli ýaş dörediji nesillere berjek maslahatym şeýle diýip sözüni dowam etdi.
– Döretmek, ýazmak üçin diňe gözlegde bolmagy, irginsiz yhlas etmegi arzuw edýärin. Adam elmydam arzuwda bolýar. Ýöne şol arzuwlara ýetmek üçin ynam, yhlas, irginsiz zähmet gerek. Biz mugallymlary, halypalary diňläp, dogry ýoldan ýöräpdiris. Duşuşyklarda halypalaryň aýdýan bir sözi bar. Dörediji adamyň bir göterimi zehin, togsan dokuz göterimi zähmet diýilýär. Dutary eliňe alyp, köpräk taryna kaksaň, ýuwaşlyk bilen kakuwy öwrenip, yhlas etseň kem-kemden saz çalmaga kämilleşýärsiň. Ýazmaklyk, döretmekligem şoň ýaly aňsat däl. Her gün ýazmaly, okamaly. Döretmegiň hatyrasyna däl-de kämil ýazmaklygyň üçin. Zehiniňi köp okap baýlaşdyrmaly. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt Baştutanlygynda gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, döretmäge işlemäge ähli mümkinçilikler bar! Biziň ýaş nesillerimiz şoňa jogap edip, diňe okamaly, öwrenmeli, döretmeli! – diýip, ýagşy arzuwlar bilen hoşlaşdyk.
– Söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň, Mämmetgurban aga! Ýene döredijilik üstünlikleri hemra bolsun!
Söhbetdeş bolan Gülöwser Pahmanowa,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet Çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.