BIZNES

Gazak kompaniýasy Türkiýäniň “Hepsiburada” platformasyny satyn aldy

Türkiýäniň elektron söwda ägirdi “Hepsiburada” platformasynyň esasy paýy Gazagystanyň tehnologiýa ägirdi “Kaspi” kompaniýaysna 1,13 milliard dollara satyldy.

Türkiýäniň “Dogan” maşgalasynyň agzalary bilen “Hepsiburada” platformasynyň “A” we “B” synp paýnamalarynyň 65,4 göterimini satyn almak barada şertnama baglaşylandygy mälim edildi.

Gazak kompaniýasy bu platformany satyn almak boýunça töleglerini 2 tapgyrda amala aşyrar. 1.13 milliard dollar möçberindäki şertnamanyň 600 million dollar şertnama kabul edilden soňra tölener. Galan 526.9 million dollary bolsa 6 aýyň dowamynda türk tarapyna geçiriler.

Soňky maglumatlara görä, “Hepsiburada” platformasynyň paýnamalarynyň bahasy 2.2 dollara deň bolup, onuň bahasy 707 million dollara barabardyr.

Gazak kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mihail Lomtadze bu platformadan her iki ýurduň kiçi we orta telekeçiliginiň peýdalanyp biljekdigini belläp, her iki tarap üçin hem täze mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy.

“Kaspi” kompaniýasynyň “SuperApp” programmasy, 2023-nji ýylda jemi 14 million işjeň ykjam ulanyjy bilen Gazagystanda iň meşhur ykjam programmasy boldy.

2000-nji ýylda döredilen gününden bäri 101 müň işewür hyzmatdaşy we 12 million işjeň müşderisi bolan “Hepsiburada” platformasynyň 2023-nji maliýe ýylynda satuw mukdary takmynan 4 milliard dollara deň boldy.

Ýene-de okaň

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy güýçlenýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň, Owganystanyň we “Çalyk Holding” kompaniýasynyň wekilleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy

Türkmenistanda 2025-nji ýylda maýa goýuljak iri taslamalar