Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 26-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.
Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28… +30° maýyl, gündizine +39… +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40 %.
Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23… +28° maýyl, gündizine +36… +41° yssy, kenarýaka etraplarynda +29… +34° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +32… +34°, basyşy 750 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Awazada: howa +31… +33°, basyşy 755 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Balkanabat şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 757 mm, çyglylygy 25 — 45 %.
Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26… +31° maýyl, gündizine +38… +43° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +40… +42°, basyşy 737 mm, çyglylygy 25 — 45 %.
Tejen şäherinde: howa +41… +43°, basyşy 740 mm, çyglylygy 20 — 40 %.
Mary welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 20 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25… +30° maýyl, gündizine +38… +43° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +40… +42°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Baýramaly şäherinde: howa +41… +43°, basyşy 734 mm, çyglylygy 5 — 25 %.
Lebap welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 22 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26… +31° maýyl, gündizine +38… +43° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +40… +42°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Kerki şäherinde: howa +41… +43°, basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.
Daşoguz welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23… +28° maýyl, gündizine +35… +40° yssy bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +38… +40°, basyşy 749 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 750 mm, çyglylygy 20 — 40 %.