Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşdy. Onuň barşynda Bütindünýä gümrük guramasynyň muzeýine görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli suraty çitilen türkmen halysyny sowgat berildi.
Bütindünýä gümrük guramasynyň binasynda gurama agza döwletleriň milli gymmatlyklarynyň saklanýan ýörite muzeýi ýerleşýär. Türkmenistan bu guramanyň geljekki işjeň agzasy bolmak bilen bu medeni gymmatlyklaryň üstüni ýetirmegi makul bildi.
Türkmen diplomaty Türkmenistanyň çeperçilik däpleriniň hem-de baý medeni mirasynyň nyşany bolan halynyň dokalmagy üçin 4 aýyň gerek bolandygyny belledi.
Şeýle hem ilçi Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dostlugy, parahatçylygy, hoňniýetli goňşuçylygy wagyz etmek bilen, häzirki döwürde öörän möhüm ähmiýete eý bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle hem halyda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň nagyşlary ýerleşdirilipdir.
Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary şeýle ajaýyp sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, halynyň hakykatdan hem guramanyň muzeýine aýratyn bezeg berip, beýik türkmen şahyrynyň döredijiligini öwrenmäge itergi berjekdigini belledi.
Baş sekretar Magtymguly Pyragyny Uilýam Şekspir bilen deňeşdirip, medeni we edebi ähmiýeti boýunça Şekspire meňzeýän görnükli we täsirli şahsyýet hökmünde ykrar etdi.
Halynyň gowşurylmagy Bütindünýä gümrük guramasynyň muzeýindäki medeni mirasynyň üstüni dolduran waka boldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen BGG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.