JEMGYÝET

Merjen şäher Aşgabadyň rekordlary

Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde 2017-nji ýylyň awgust aýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu taryhy waka tutuş dünýäde dal bedewlerimiziň sarpasynyň belentdiginden aýdyň nyşan boldy. Geçirilen ölçeglere görä, bu bedewiň çeper şekiliniň beýikligi 40,05 metr, uzynlygy 37,69 metr, ini bolsa 40,24 metrdir.

***

2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada gurlan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütüni «Dünýäniň iň beýik flagştogy» diýlip Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Agramy 420 kilograma, ini 52,5 metre we boýy 35 metre barabar ýaşyl Tugumyz 133 metr belentlikde parlaýar.

***

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabatda Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Häzirki zaman howa menzili sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde, «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi.

***

2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanylmaga berlen, beýikligi 211 metre bara­bar bo­lan mi­na­ra — «Türk­me­nistan» teleradioýaýlymlar merkezi «Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy» diýen at bilen dünýä rekordlarynyň sanawyna goşuldy. Bu ýerde adamlaryň zähmet çekmegi üçin döwrebap şertler döredilip, ajaýyp arhitektura eseri ylhamyň, döredijiligiň ýyldyzy bolup ýalkym saçýar.

***

Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde, ýagny 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermer bilen örtülen we umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan täze binalaryň 543-siniň ýerleşýändigi, her 4,87 inedördül metre mermeriň 1 inedördül metriniň düşýändigi sebäpli 2013-nji ýylyň maý aýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

***

2012-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi hem Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu binanyň umumy beýikligi 95 metre deň bolup, ol ýapyk görnüşli synlamak üçin niýetlenen, daşky aýlawy 57 metre ýetýän häzirki güne çenli dünýäde iň uly hiňňildikdir

***

2017-nji ýylda dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalary bilen üpjün edilen, ähli amatlyklary bolan Olimpiýa suw sport toplumy ekologiýa taýdan arassa materiallary bilen tapawutlanyp, Sportuň suw görnüşleri merkezi dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzüş suw howzy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Boýdan-başa mawy reňke beslenen bu binanyň kaşaňlygy halkara ýaryşlaryň islendigini kabul etmäge mümkinçilik berýändigine dolulygyna güwä geçýär. Bina 4 gatdan ybarat bolup, umumy ölçegi boýunça 155,35×112,90×34,5 metre barabardyr. Mundan başga-da, tomaşaçylar üçin 4899, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin 66, metbugat wekilleri üçin 69 we Vip üçin 15, jemi 5049 orunlyk ýerler bar.

***

2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp desgalaryň biri Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan şaýoluň çatrygynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ol Oguz hanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumydyr. Bu abraýly sanawa paýtagtymyz «Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimlerini özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher» hökmünde goşuldy. Oguz hanyň we onuň ogullarynyň bürünç heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumy suw çüwdürimleriniň has kö­pü­si­ni — 27-si­ni özünde jemleýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleri Abu-Dabide duşuşdy

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi