Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Pyragynyň arzuw eden kowmy biz

Köne gazetçi bolanymdan ötri nusgawy şahyrlarymyzyň belli seneleri bilen baglanyşykly ýörite sanlarynyň taýýarlanyşynyň telimsine gatnaşmak miýesser geldi. Şolaryň arasynda aýratyn ýatda galany-da bar.

«Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz» diýlişi ýaly, hakydada galmagyna esaslaram ýeterlik. Belli senelerden iki sany ýadygärligem galypdyr. Olaryň üstünden kyrk ýyldan-da gowrak wagt ötüpdir. Är ömri! Kalbyňy mylaýym hem-de gussalyrak duýgular gaplap alýar. Ýörite sany taýýarlamaga gatnaşanlaryň indi köpüsi aramyzda ýok. Ýatlamalar yzly-yzlyna sere dolup, beýnide kän goş ýazdyrman, argyşa giden kerwen mysaly, haýaljakdan menzil yzyna menzil aşyp gidip otyr. Şonda dideleriňiň çygjaranyny duýman galýarsyň.

Kyrk ýyl bäri şol iki sany ýadygärligi aýap ýörün. Biriniň gürrüňini soňa goýaýyn. Ilki esasyrak görýän ýadygärligimiň daşyna geçesim gelýär.

Öýdäki iş stolumyň üstünde «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1983-nji ýylyň 28-nji oktýabryndaky çykan sany dur. Nusgalygy 66212 sany. Galyň, ap-ak kagyzda neşir edilen. Gazetiň belli bir möçberi üýtgeşik kagyzda çykarylypdy. Kagyz her näçe berk, çydamly bolsa-da, eplenýän ýerlerinde çalarak sökülen ýerleri bar. Çap edilişiniň hili welin, düýn çaphanadan çykan ýaly. Harplarynyň reňki-de garamtyl däl-de, gögümtil. Suratlaryň, nyşanlaryň gyzyla boýalanlary-da bar, gögümtil reňke boýalanlary-da. Gazet kiçi ölçegde. On alty sahypalyk. Magtymgulynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan ýörite gazet. Eliňe alyp, okabermeli. Gyzykly hem-de mazmunly taýýarlanylypdyr.

Ýörite sany taýýarlamaga köp kişiniň zähmeti siňdi. Esasy guramaçylyk aladalary bolsa, gazetiň şol wagtky tankyt bölüminiň müdiri Şadurdy Çarygulyýew ikimiziň boýnumyza ýüklenipdi.

Ilki bilen iş otagymyzda oturyp, maslahaty bişirdik. Gazetiň tutuş sanyna nähili makalalary, çeper eserleri, söhbetdeşlikleri, habarlary, suratlary bermeli? Olary kimlere tabşyrmaly, kimlerden haýyş etmeli?

Ikimiziňem men diýen wagtymyz. Etsem-goýsamlarymyz dolup-daşyp dur. Garaz, bir günüň içinde çekişe-çekişe, jedelleşe-jedelleşe gazetiň on alty sahypasynyň taslamasyny düzdük. Ilki bilen, nakgaş Baýram Lallykowa til kakyp, gazetiň birinji sahypasy üçin Magtymgulynyň göwrümli suratyny çekip bermegi haýyş etdik. Magtymguly baýragynyň eýesi Nury Baýramowa-da suratyň aşagyna 8 bent goşgy ýazdyrdyk. Şeýde-şeýde ýörite sanymyz tigirlenip gidiberdi.

Şol döwrüň nazaryýetinden garanyňda agramly, hökman berläýmeli diýlen zatlaryň köpüsi gazet sahypalaryna münüpdir. Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň müdiriýetiniň şol wagtky başlygy Täşli Gurbanowyň «Berkarar döwlet islärin» atly giňişleýin çykyşy kerweniň başyny çekip gelýärdi.

«Eser nähili döreýär» diýen mowzukda Magtymgulynyň mysaly şekilini döreden belli nakgaş Aýhan Hajýew bilen geçirilen söhbetdeşligi henize bu güne çenli ýerine düşen iş hasaplaýaryn. Nakgaş Magtymguly bilen baglanyşykly başga-da ençeme ajaýyp suratlary çekipdi.

Onuň bilen söhbetdeşlik geçiren mahalymyz biz hudožnikden «Meňli» eseriniň döreýşiniň taryhy barada aýdyp bermegini haýyş etdik. Şonda nakgaş ilki bilen şahyryň goşgularyny dile getirdi:

Gözel bardyr gözellerden zyýada,

Anyň hyzmatynda durasyň geler,

Edepli-ekramly, mylaýymzada,

Tä ölinçäň, bile ýöresiň geler.

Soňundanam şahyryň goşgularynyň eser döretmäge itergi berýändigini ýaňzydyp, şeýle diýdi: «Ilki Meňliniň keşbini şahyryň ussahanasyna baran mahaly şekile salmagy ýüregime düwdüm. Ýöne aradan maý geçirip, pikirimi üýtgetdim hem-de Meňlini çeşmä suw almaga gelen pursadynda görkezmegi göwnüme jaý gördüm. Zol-zolam şahyryň: «Humaý oturyşly, laçyn turuşly, Kebuter topukly, maral ýörişli» diýen setirleri ýadyma düşdi durdy. Şo döwrüň zenanlarynyň şaý-sep dakyşlaryna çenli oýlanmaly boldy…».

Ýene-de gowy eden işlerimiziň biri Magtymgulyny rusça gürleden Arseniý Tarkowskiý bilen geçirilen söhbetdeşlik. Şahyr Moskwada ýaşaýardy. Hany, Aşgabatda oturan ýeriňden onuň bilen gürrüňdeş bolup bolýarmy? Hernä çykalga tapdyk. Şol ýyllar moskwaly žurnalist Boris Paramonow «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetiniň biziň ýurdumyz boýunça ýörite habarçysydy. Ol «Edebiýat we sungat» bilenem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärdi. Hut meniň özüm onuň telim makalasyny, gyjakçy Nury Saryýewiň hormatyna bagyşlap ýazan «Glýuguň mukamy» atly täsin hekaýasyny türkmen diline geçiripdim. Garaz, Boris dadymyza ýetişdi. Ol Arseniý Tarkowskiniň öýlerine baryp, terjimeçi bilen gürrüňdeş boldy hem-de söhbetdeşligi wagtynda redaksiýa gowşar ýaly şert döretdi. Megerem, şol söhbetdeşlik Tarkowskiniň iň soňky söhbetdeşligi bolsa gerek. Söhbetdeşlik häzirem ähmiýetini ýitirenok.

Gadyrdan okyjy, ýörite sanymyzda ýerleşdirilen eserleri ýekänme-ýekän sanap geçip, wagtyňyzy alyp durmaýyn. Ýöne bir zady welin, gepiň gerdişine, belläp geçesim gelýär. Gürrüňi edilýän döwürde gazetiň on altynjy sahypasy satira-ýumora bagyşlanardy. Ana, şonda Magtymgula bagyşlanan ýörite sanymyzyň on altynjy sahypasyny nähili bezemeli diýen sowal keserip duruberdi. Adatça, şol sahypany özüm taýýarlaýardym. Diýmek, soňky sahypany gyzykly etmek ýene maňa galypdy. Garaz, beýnä agram salmaly boldy. Şeýlelikde, Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyna täzeden ser saldym. Şahyryň parasatly setirlerinden on alty bendini saýlap aldym. Ýöne munuň bilenem iş tamamlanaýanokdy. On altynjy sahypany suratlar bilenem bezemek gerekdi.

Karikaturaçy nakgaş Nurmuhammet Berdiýew «Tokmak» žurnalynda işlese-de, «Edebiýat we sungatyň» esasy hyzmatdaşlarynyň biridi. Ony iş otagymyza çagyrdym. Magtymgulynyň dört goşgusynyň her birinden iki setir alyp, şolaryň manysyndan netije çykaryp, döwrebap degişme suratlary çekmegi tabşyrdym.

Köp nakgaşlar ýaly, Nurmuhammedem her taraplaýyn sowatly kişidi. Kyn görse-de, ýumşy üstüne aldy. Dört sany degişme surat getirdi. Şolaryň üçüsini ýerleşdirdik. Şahyryň: «Goňşy bolsaň haramhora, Sütem eýlär zor biläni» diýen setirlerine çekilen surat geçen asyryň segseninji ýyllaryna-da, şu asyryň ýigriminji ýyllaryna-da şaplaşyp dur. Köneljek gümanasy ýok. Hawa, Magtymguly ähli döwrüň şahyry, zamanabap şahyr.

Balkar şahyry Kaýsyn Kulyýewde şeýle setirler bar: «Biziň halkymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elbrus dagy bilen deňeşdirilýär. Men Magtymgulyny, onuň poeziýasyny-da şol belent dag bilen deňeşdirýärin. Magtymgulyny biz diňe bir türkmen poeziýasynyň däl-de, eýsem, dünýä poeziýasynyň-da Elbrusy hasaplaýarys».

Hormatly okyjy, makalamyzyň başynda «Kyrk ýyl bäri iki sany ýadygärligi aýap ýörün. Biriniň gürrüňini soňa goýaýyn…» diýip wada beripdim. Indi soňly gürrüňiň soňuna nokat goýmagyňam möwriti geldi.

Magtymgulynyň 250 ýyllyk senesine bagyşlanan sanymyza yhlasymyzy siňdirdik. Azabymyzyň ýerine düşenini görüpdirlerem. Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşigi zähmetimizi göz öňünde tutup, Şadurdy ikimize toý düwünçegini sowgat iberipdir. Toý paýy diýýänim çäýnek bilen dört sany pyýala. Çäýnegiň hem-de käseleriň ýüzünde: «Классику туркменской литературы Махтумкули 250 лет» diýen rusça ýazgy bar. Ony türkmençä geçirip oturmagyň hajaty ýok. Şonsuzam düşnükli. Ynha, şu çäýnek-käse indi kyrk ýyl bäri öýümiziň hyzmatynda durup, bize güýç-kuwwat, ylham berýär. Çäýnekdir käseleriň şunça wagt moý atman — mizemän durşuna-da Magtymguludan gaýdýan keramat diýip düşünýärin.

Şahyryň gudrat-keramat kemi ýok. Döwürdeşleri şahyryň her setirini gyzylyň gyryndysyna deňäpdirler, onuň aýdýanlarynyň barysynyň ir-u-giç hakykata öwrüljekdigine ynanypdyrlar.

Magtymgulynyň bir mahalky arzuwlan mekany biziň döwrümizde wysal boldy. Şahyr Annaberdi Agabaýewiň aýdyşy ýaly, Pyragynyň arzuw eden kowmy biz.

Çary GELDIMYRADOW.

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Magtymguly – telekeçi şahyr

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!