MEDENIÝET

Türki döwletleriň habarlar gullugy döredildi

Türkiýe Respublikasynda türki döwletleriň metbugat gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Türkiýäniň “Anadolu” habarlar gullugynyň gurnan bu duşuşygyna “Anadolu” agentliginiň baş direktory Serdar Karagöz, Türkiýäniň Prezidentiniň jemgyýetçilik aragatnaşygy edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, şeýle hem Azerbaýjanyň “Azertag” habarlar gullugynyň başlygy Wugar Aliýew, Gyrgyzystanyň “Kabar” habarlar gullugynyň baş müdiri Mederbek Şermataliýew, Gazagystanyň “Kazkontent” habarlar gullugynyň ýolbaşçysy Bekzat Ýusupow, Özbegistanyň “UzA” habarlar gullugynyň baş müdiri Abdisait Kuçimow gatnaşdy.

Duşuşykda türki döwletleriniň arasynda metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem türki döwletlerinde bolup geçýän wakalaryň giňden ýaýradylmagy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary pikir alşyldy.

Foruma gatnaşyjylar mediýa bileleşiginiň döredilmegini biragyzdan goldadylar we bu pursady taryhy we türk dilli ýurtlaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin möhüm ähmiýete eýe diýip atlandyrdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça türki döwletleriň habarlar gullugyny döretmek (ATHA) boýunça jarnama gol çekildi.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri