MEDENIÝET

«Çapar» atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy

 «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde täze düşürilen «Çapar» atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy. Oňa kino muşdaklary, sungaty söýüjiler hem-de dürli ýaşdaky adamlar gatnaşdylar. Dabaranyň başynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş edip, täze filmiň döredijilik toparynyň üstünligini gutladylar, onuň çeper aýratynlyklary, many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti hakynda nygtadylar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde bellenilip geçilýär.

Soňra kinokonsert merkezine ýygnanan myhmanlara režissýor Wepa Işangulyýewiň surata düşüren «Çapary» dolulygyna görkezildi. Zaldaky tomaşaçylar taryhy wakalary açyp görkezýän filme dykgat bilen tomaşa etdiler. Filmiň täsirliligi Gahryman Arkadagymyzyň taryhy kitaplaryndan ugur alynmagy netijesinde giň ýaýrawly düşünjeleri özünde jemleýändigi bilen bagly.

Film umumylaşdyrylan sýužetde bolup, onda Seljuk döwletiniň begleriniň biri Merwden Dehistana bir gerçek ýigidi synag hökmünde çapar ýollaýar. Çapar ýigit ýolda gabat gelýän dürli kynçylyklara döz gelmek bilen, özüne bildirilen ynamy ödemekde gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Film boýdan-başa çaparyň tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy hakynda.

Şöhratly taryhymyzda mertligi, merdi-merdanalygy, batyrlygy, gaýratlylygy bilen tapawutlanan ýigitlerimiziň şeýle gahrymançylykly häsiýetlerini film arkaly göreniňde geçmişiňe buýsanjyň artýar. Muny režissýoryň ussatlygy bilen düşündirip bolar. Ahalteke atlaryna atlanan ýigitleriň häsiýetine kybap sazlaryň dabaraly ýaňlanmagy, dünýä belli taryhy filmleri ýatladýar, emma milli äheňli belent owazlar täzeçilligi bilen kalba ornaýar. täispuhutavad PVC paadid

«Çapar» ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, ýagny Astanababa, Gökdepe, Nohur, Dehistan ýaly gadymy taryhy ýerlerde surata düşürilipdir. Filmde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky akademiki Baş drama teatrynyň, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri surata düşüpdirler. Olar esasy rollarda keşpleri ökdelik bilen ýerine ýetiripdirler.

 

Türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi

Ýene-de okaň

Magtymgulyşynaslar üçin möhüm gollanma

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi