SIZDEN GELENLER

18-nji dekabr – arap diliniň güni

         Dil adamlary özara birleşdirýän, halklary dostlaşdyrýan hem-de adamlaryň arasynda sazlaşykly gatnaşygy saklamaga ýardam berýän möhüm serişdedir. Adamzat döräli bäri, her bir halkyň taryhy we milli aýratynlyklarynyň biri hökmünde sarpalanýan dil serişdesi, häzirki wagtda hem özüniň şol gymmatlylygyny saklap gelýär.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde, Birleşen Milletler Guramasynyň baýramçylyklar ulgamynda 18-nji dekabr “Arap diliniň güni” hasaplanylýar. “Dil we medeni köpdürlüligi öňe sürmek we berkitmek” maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň alty resmi diliniň hersiniň “Halkara gününi” bellemek karary BMG-niň Jemgyýetçilik Maglumatlar bölümi tarapyndan, 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda karar  kabul edildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy 1973-nji ýylyň 18-nji dekabrynda 28-nji mejlisinde “Arap dilini Baş Assambleýanyň resmi we işleýän dillerine girizmek barada” karar kabul etdi.  ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 190-njy mejlisinde Marokkanyň, Saud Arabystanynyň we Liwiýanyň teklibi bilen bu gün arap diliniň dünýä güni hökmünde tassyklandy.

Alty dil gününiň her birini bellemegiň maksady, agza döwletleriň we Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we işgärleriniň arasynda bu dilleriň hersiniň taryhy, degişli medeniýetleri we ösüşi barada habarlylygy ýokarlandyrmakdyr.

Arap dili semit maşgalasynyň iň köp ulanylýan dili we dünýäde iň köp gürlenýän dilleriň biridir we  bu dilde 422 milliondan gowrak adam gürleýär. Bu dilde gürleýänler “Arap dünýäsi” diýlip atlandyrylýan sebitde, şeýle hem Türkiýe, Çad, Mali, Senegal we Eritreýa ýaly köp sanly goňşy sebitde ýaýrady. Yslam dinine uýýanlar üçin arap dili möhümdir, musulmanlaryň sany bir ýarym milliarddan geçýär, sebäbi yslam kanunçylygynyň iki esasy çeşmesiniň dili: “Gurhany Kerim”, “Pygamberlik hadyslary” we “Muhammet pygamberiň sözleri we hereketleri”  dilden ýaýradyldy we soňra ýygyndylara birleşdirildi. Arap dili gadymy yslam hikmetiniň hazynasydyr. Şahyrlar, filosoflar we alymlar diliň güýjüne we gözelligine esaslanyp, adamzadyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdular. Yslam dininiň ýaýramagy netijesinde, arap dili gaty ýokary derejä eýe boldy we asyrlaryň dowamynda musulmanlaryň häkimiýet başynda bolan ýerlerinde syýasatyň, ylymyň we edebiýatyň diline öwrüldi. Arap diliniň göni ýa-da gytaklaýyn täsirini Yslam dünýäsiniň türk, pars, kürt, urdu, malaý, indoneziýa we alban ýaly beýleki dillerinde, şeýle hem Hausa we suwaýili ýaly Afrika dillerinde we esasan hem Ýewropa dillerinde Ispaniýa, Portugaliýa, Malta we Sisiliýa ýaly döwletlerde görmek bolýar.

 

 Gyzykly maglumatlar

Gurhan nusgawy edebi arap dilinde ýazylan iň gadymy eserdir.  Bu ýazgyny okamak köpleri bu dili öwrenmäge ruhlandyrdy.

Arap dilinde ýazylan dünýä edebiýatynyň hazynalarynyň arasynda Omar Haýýamyň ýazan rubagysy, “Müň bir gije” ertekileri we başgalar bar.

  Arap dilinde beýleki dillerden alnan düşünjeler we sözler gaty az. Bu bolsa arap diliniň söze baýlygynyň subutnamasydyr.

Ispan dilindäki sözleriň 10%-den gowragy arap sözleriniň  köklerine eýedir.

                                                                       Aýbölek Amangeldiýewa,

       Türkmenistanyň  Daşary  işler  ministrliginiň 

                                                          Halkara gatnaşyklary  institutynyň  Halkara

                                                            hukugy fakultetiniň  3-nji ýyl talyby.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty