Şu günler Belarus Respublikasynyň dürli şäherlerinde dowam edýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda sportuň ýaýdan ok atmak ugry boýunça bürün medala eýe bolan 15 ýaşyndaky türgen Ezizmuhammet Sähedow: “GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda bürünç medal – meniň ilkinji uly ýeňşimdir. Olimpiýa medalyny gazanmak ugrundaky arzuwymyň nobatdaky ädimidir” diýip belledi. Bu barada Belarusyň “Belta” habarlar gullugy habar berýär.
Türkmen türgeni bürünç medaly gazanmak ugrundaky ýaryşda garşydaşyny 7:1 hasabynda ýeňdi. Ol özüniniň bu ýeňşinde kakasynyň goldawynyň uly bolandygyny belledi. Kakasyndan tälim alan ýaş türkmen türgeni janköýerleriň hem goldawy bilen ilkinji uly ýeňşini gazanandygyny mälim etdi.



Ezizmuhammet üçin bu ýaryş sport durmuşynda esasy tapgyrlaryň biri boldy. Onuň üçin bu bäsleşik şol bir wagtda uly tejribe boldy.


Ýaryşyň iň ýaş türgenlerinden biri bolan Ezizmuhammet Belarus Respublikasyndaky sapary barada hem özünde galan täsirler barada gürrüň berdi. Ol bu ýurtda ilkinji gezek bolýandygyny belläp, ýaryşyň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçýändigini mälim etdi.
Türkmen türgenleri GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary almagy dowam edýärler. Türkmenistanyň türgenler toparynyň düzüminde agyr atletikaçylar we dzýudoçylar medal gazanyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.
