Şwesiýanyň we Norwegiýanyň jemgyýetçilik we intellektual durmuşynda möhüm wakalaryň biri-de Nobel baýragydyr. Bu ajaýyp baýrak ylmy gözleglere, oýlap tapyşlara we medeniýete, jemgyýete goşant goşan adamlar üçin berilýär. Bu baýragy esaslandyryjy, 355 sany oýlap tapyşy bolan meşhur şwesiýaly himik, inžener we oýlap tapyjy Alfred Nobeldyr. Nobel ömründe täsirli baýlyk toplady we (köpüsi diňe öz oýlap tapyşlarynyň girizilmegi netijesinde aldy), esasy bölegini bolsa halkara baýragynyň berilmegine miras galdyrypdyr. Ýeri gelende aýtsak, Nobel dünýeden ötmezinden bir ýyl öň – 1895-nji ýylyň 27-nji noýabrynda meşhur wesýetnamasyna gol çekdi. Bu islegiň netijesi bolsa, Nobel gaznasynyň gurulmagydyr. Häzirki wagtda Şwesiýanyň guramalary ylym we medeniýetiň ähli pudaklarynda Nobel baýraklaryny bermek üçin jogapkärdir. Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy kadadan çykma bolup durýar – bu baýragyň kime beriljekdigi Norwegiýanyň Nobel komiteti tarapyndan kesgitlenilýär.
Ýeňijileri saýlamagyň birnäçe gyzykly aýratynlyklary-da bar. Nobel baýragy diňe edaralara däl-de, şahsyýetlere hem berlip bilner (Parahatçylyk baýragy muňa girmeýär – bu şahsyýetlere we guramalara berlip bilner). Bir dalaşgärde iki eser bir wagtyň özünde Nobel baýragy bilen berlip bilner. Diňe 1968-nji ýylda girizilen bu düzgün hemişe hakykatda berjaý edildi. Bu ýagdaýda pul tölegi ilki eserleriň arasynda, soň bolsa awtorlarynyň arasynda deň paýlanýar.
Nobel baýragyny adamlar aradan çykanlarynda soň berip bolmaz. Ýöne baýrak yglan edilende (oktýabr aýynda) dalaşgär durmuşda bolsa we tanyşdyryş dabarasyndan öň (şu ýylyň 10-njy dekabry) dünýeden öten bolsa, baýrak şol ýerde galýar. Degişli komitetiň agzalary bäsleşige gatnaşanlaryň arasynda mynasyp eserleri saýlamasa, baýrak hiç kime-de berilmän galýar. Bu ýagdaýda baýrak pullary indiki ýyla çenli galar. Şonda-da baýrak berilmese, Nobel gaznasynyň ýapyk goraghanasyna geçirilýär. Baýrak alanlar hem öz gezeginde Nobel gaznasy tarapyndan ýörite göwrümde neşir edilýän “Nobel ýadygärlik leksiýasy” diýilýän zady bermeli. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi, dünýäniň köp sanly guramasy tarapyndan ýylyň dowamynda alnyp barylýar. Iň soňky baýrak alanlar Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasy, Şwesiýa akademiýasy, Karolinska institutynyň Nobel ýygnagy we Norwegiýanyň Nobel komiteti tarapyndan amala aşyrylýar. Bu köplenç oktýabr aýynda hem geçirilýär. 10-njy dekabrda, Alfred Nobeliň aradan çykan gününde baýrak alanlar birbada iki ýurduň paýtagtynda sylaglanýar.
Şwesiýanyň koroly Stokgolmda fizika, himiýa, fiziologiýa, lukmançylyk, edebiýat we ykdysadyýet ýaly ugurlarda baýragy gowşurýar. Osloda Norwegiýanyň korolynyň we şa maşgalasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy Parahatçylyk baýragyny gowşurýar.
Pul baýragy bilen birlikde, mukdary Nobel gaznasynyň alýan girdejisine baglylykda üýtgeýär, baýraga mynasyp bolanlara Nobel şekili we diplomy bilen altyn medal uly hormat bilen berilýär. Nobel baýraklary halkara abraýyna eýe bolup, baýrak alanlara möhüm ykdysady goldaw berýär.
Baýrak gowşurylyş dabarasyndan başga-da, bu çärä bagyşlanan dabaralar ýene iki möhüm wezipäni – Nobel nahary we Nobel konsertini öz içine alýar.
Meýlis Sadykow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Noziri YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady