JEMGYÝET

1-nji oktýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 1-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12… +14°, gündizine +21… +23° maýyl bolar. Howanyňbasyşy 734 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11… +16°, gündizine +19… +24°, kenarýaka etraplarynda +15… +20° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +18… +20°, basyşy 759 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Awazada: howa +17… +19°, basyşy 767 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Balkanabat şäherinde: howa +20… +22°, basyşy 766 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12… +17°, gündizine +21… +26° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +22… +24°, basyşy 740 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Tejen şäherinde: howa +23… +25°, basyşy 749 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11… +16°, gündizine +22… +27° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +23… +25°, basyşy 746 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Baýramaly şäherinde: howa +24… +26°, basyşy 745 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10… +15°, gündizine +21… +26° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +21… +23°, basyşy 749 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Kerki şäherinde: howa +24… +26°, basyşy 744 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6… +11°, gündizine +11… +16° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +14… +16°, basyşy 763 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Köneürgenç şäherinde: howa +12… +14°, basyşy 764 mm, çyglylygy 45 — 65%.

 

1-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şweýsariýa gynanç bildirdi

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy