BILIM

1-nji awgustda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy başlaýar

Şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzda ähli ýerinde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy guralar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan söwda nokatlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri, haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar. Sanly ulgamy ösdürmek, ilata döwrebap hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, elektron söwda dükanlarynyň üsti bilen bu harytlary halka hödürlemek hem-de eltip bermek hyzmatlary ýola goýlar.

Şeýle hem wise-premýer mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli guramagyň teklip edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň dürli görnüşli harytlara bolan isleglerini yzygiderli öwrenip, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmagyň möhüm bolup durýandygyny nygtady. Täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramak hem zerurdyr. Olar okuwçylar, talyplar üçin zerur harytlar bilen doly üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary