Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün hamallar üçin işjeň we şowly gün bolar. Siziň durmuşyňyzda täze sahypany açmaga kömek etjek pursatlar dörär. Iş ýeriňizde özüňizi görkezmek üçin iň gowy wagt. Ýolbaşçylar siziň täzeçil pikirleriňize ýokary baha berer. Maliýe taýdan garaşylmadyk girdejiler bolmagy ýa-da köne bergiňiziň yzyna gaýtarylmagy mümkin. Güniň ikinji ýarymynda ýanýoldaşyňyz bilen aragatnaşykda sabyrly boluň. Uly sowgatlara däl-de, mähirli sözlere has köp üns beriň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar bu gün özlerini gaty rahat we özüne ynamly duýarlar. Bu gün hemme zady öz wagtynda bitirmegi başararsyňyz.Şeýle hem maliýe amallaryny geçirmek üçin gaty amatly gün. Eger köpden bäri gymmat bahaly bir zat satyn almak isleýän bolsaňyz, bu gün şol gün. Işde bolsa uly kynçylyklar garaşylmaýar.Güniň ikinji ýarymynda maşgalaňyzda asudalyk we agzybirlik höküm sürer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Aragatnaşyk duşuşyklar we täze maglumatlar günüň esasy bölegini tutar. Siziň dilewarlygyňyz köp gapylary açar. Gepleşikler geçirmek we şertnamalara gol çekmek üçin gowy pursat. Emma resminamalary okanyňyzda ünsli boluň. Maddi taýdan garaşylmadyk kiçijik sowgatlar bolup biler.Güniň ikinji ýarymynda ýakyn dostlaryňyz bilen wagt geçirmek size ruhy güýç berer. Romantik gatnaşyklarda bolsa kiçijik syrlar açylyp biler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün Seretanlar öz içki dünýäsine we öýüne köp üns bererler. Bayramçylyk öňüsyrasy öýüňizi bezemek size lezzet berer. Işde birneme ýaltalyk edip bilersiňiz, ýöne bu siziň netijeliligiňize uly täsir etmez. Maliýe meselelerinde seresaplylyk gerek gereksiz zatlara pul sarp etmäň. Ýakynlaryňyzyň goldawy size her zamankysyndan has zerur bolar. Maşgalaňyz bilen agşam naharyny iýmek gatnaşyklaryňyzy berkider.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler üçin parlak we ruhubelent gün. Siziň şahsyýetiňiz daş-töweregiňizdäkileri özüne çeker. Liderlik ukyplaryňyzy görkezmek üçin ajaýyp şertler dörär. Karyeraňyzda uly öňegidişlik bolup biler. Maliýe ýagdaýyňyz durnukly bolar.Güniň ikinji ýarymynda romantik duşuşyklar we yşky-sapalar garaşýar. Söýgüliňize garaşylmadyk bir sowgat taýýarlamagy ýatdan çykarmaň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Analitik pikirlenme we ünsli bolmak size köp kynçylyklardan gaçmaga kömek eder. Hemme zady meýilnama boýunça ýerine ýetiriň. Iş ýeriňizde ownuk-uşak meseleler köp wagtyňyzy alyp biler. Emma netijesi sizi begendirer. Puly tygşytly ulanmak bu gün möhümdir.Gatnaşyklarda ownuk zatlara gahar etmäň. Has giň we sabyrly bolmaga çalşyň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün siziň ylalaşyklylygyňyz islendik dawany ýatyrar. Şeýle hem topar bolup işlemek has peýdaly bolar. Kömek soramakdan çekinmäň. Maliýe taýdan begendiriji habarlar gelip biler. Söýgi gatnaşyklarynda gaty mähirli we romantik pursatlar garaşýar. Täze tanyşlyklar uzak möhletli bolup biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Akraplar üçin güýçli we özgerişli gün. Siziň erk-islegiňiz islendik kynçylygy ýeňer. Bu gün çylşyrymly taslamalary çözmek üçin amatly wagt.Şeýle hem maýa goýumlaryňyz barada pikirlenmeli bolarsyňyz. Emma uly töwekgelçilikden gaça duruň. Gatnaşyklarda gabanjaňlykdan saklanyň. Ýakyn adamyňyza ynam bildiriň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Optimizm we täze täsirler günüňizi şatlandyrar. Gezelençler we täze bilimler size ruhy iýmit berer. Iş we maliýe meseleriňiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar ýa-da uzak aralykdaky işler şowly bolar. Güniň ikinji ýarymynda söýgi we gatnaşygynda erkinligiňize köp üns bereriň emma ýakynlaryňyzy hem ýatdan çykarmaň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Jediler üçin düýpli we jogapkärçilikli gün. Siziň abraýyňyz ýokarlanyp, täze mümkinçilikler açylar. Iş ýeriňizde möhüm kararlary bermek we geljek üçin meýilnama düzmek üçin gowy gün. Maliýe ýagdaýyňyz kem-kemden gowulaşar. Şahsy durmuşyňyzda durnuklylyk höküm sürer. Güniň ikinji ýarymynda köne dostlaryňyz bilen duşuşmagyňyz mümkin.
Daluw (gowa 21.01 — 20.02)
Original pikirler we garaşylmadyk öwrümler sizi begendirer. Dünýä başgaça garaýyş bilen seredersiňiz. Tehnologiýa we internet bilen baglanyşykly işler örän şowly bolar. Şeýle hem täze bir hünär öwrenmäge başlap bilersiňiz. Söýgide we gatnaşyklarda täzeçillik gözlärsiňiz. Ýakyn adamyňyz bilen bilelikde gezelenç etmek gatnaşygyňyzy janlandyrar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Emosional taýdan örän duýgur gün. Siziň hyýaly dünýäňiz örän baý bolar. Psihologiýa sungat we kömek bermek bilen baglanyşykly işlerde üstünlik gazanarsyňyz. Maliýe taýdan haýyr-sahawat etmek size ruhy lezzet berer. Söýgi we gatnaşyklarynda siziň mähirliligiňiz hemme adamy özüne bendi eder. Romantik arzuwlaryňyzy amala aşyryp bilersiňiz.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
