SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

06-njy Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Eger bu gün üçin köp iş meýilleşdiren bolsaňyz, iň möhüm we gyssaglysyndan  başlaň.  Hemme zada ýeke özüňiz  ýetişip bilmersiňiz, käbirlerini yza süýşürmeli bolarsyňyz  şonuň üçin ileri tutulýan ugurlary dogry kesgitlemek gerek. Bu meselede özgelere däl-de, öz içki sesiňize   baglaň. Daş-töwregindäkiler siziň asyl maksadyňyza elmydama düşünip bilmezler şonuň üçin olaryň maslahatlary peýdasyz bolup biler.Şol bir wagtyň özünde gün täze tanyşlyklar üçin amatly bolar. Köp Hamallaryň öz gyzyklanmalaryny paýlaşýan adamlar bilen gürleşmäge mümkinçiligi bolar. Käbirleri täze hyzmatdaşlar ediner beýlekileri bolsa täze dostlar taparlar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Günüň birinji ýarymynda düşünişmezlikler we kynçylyklar bolup biler. Bu wagt möhüm duşuşyklary ýa-da köpçülik öňünde çykyşlary meýilleşdiren Sowurlar üçin çylşyrymly bolar. Aragatnaşykda kynçylyklar hem döräp biler. Eger işleri yza süýşürip bolmasa, ýanyňyzda kömege geljek ynamdar adamlaryň bardygyna göz ýetiriň.Günüň ikinji ýarymy birinjisinden has şowly geçer. Özüňize bolan ynamyňyz we rahatlygyňyz yzyna geler, muny daş-töweregiňizdakiler hem duýar.  Dostlukly ýa-da romantik gatnaşyklaryň başlamagy mümkin. Gün maliýe meselelerini çözmek üçin hem amatlydyr. Garaşylmadyk pul girdejileri, sowgatlar we garaşylmadyk begendiriji pursatlar bolup biler. Söwda edip bilersiňiz, ýöne maşgala býujetini diňe özbaşdak ulanmak maslahat berilmeýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Günüň birinji ýarymynda adamlar sizi gürrüňler we haýyşlar bilen ýygy-ýygydan işden sowaşdyrarlar, şonuň üçin bu wagty örän netijeli diýip bolmaz. Mundan başga-da, käbir kynçylyklar  bulaşyk habarlar we düşünişmezlikler bolup biler. Bu ýagdaýlar Jöwzalary öz niýetinden dändirmez ýöne olar saýlan ýollarynyň dogrudygyna ikirjiňlenip bilerler.Täze zatlary synap görmekden we standart däl çözgütleri gözlemekden gorkmaň. Emma esassyz töwekgelçilikden gaça durmak möhümdir. Eger seresap bolsaňyz, islegleriňize ýetmegiň aňsat we ygtybarly ýoluny taparsyňyz. Günüň ikinji ýarymy has ýakymly geçer. Bu wagt köp işiňiz ugruna bolar. Ýyldyzlaryň goldawy bilen hem öňki başlan işleriňizi tamamlap hem täze meýilnamalaryňyzy amala aşyryp bilersiňiz. Soňky günlerde sizi oýlandyran meseleleriň şowly çözülmegi mümkin.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Gün umuman işewürlik aragatnaşygy üçin amatly bolar. Köne dawalary çözmegiň, bäsdeşleriňizi hyzmatdaşa öwürmegiň ýoluny taparsyňyz. Mundan başga-da, käbir Seretanlaryň tejribesi geljekde uly kömek etjek halypalary peýda bolar. Şahsy gatnaşyklar hem gowy öser. Köpden bäri görmedik adamyňyz bilen tötänleýin duşuşmagyňyz mümkin. Köne gatnaşyklary dikeltmek we öňki goýberilen ýalňyşlyklary düzetmek üçin amatly pursatlar dörär.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Şu günki dörän pikirleriňiz käbirlerine gaty batyrgaý, töwekgelçilikli ýa-da düşnüksiz görnüp biler. Emma siz meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmegiň ýoluny hökman taparsyňyz.  Esasanam döredijilikli çemeleşmäni we täzeçe garaýşy talap edýän işler gowy netije berer. Güniň ikinji ýarymynda hünär ýa-da dynç alyş çärelerine gatnaşýan Esetleri gyzykly duşuşyklar garaşýar. Öň gowy zatlar eşiden adamlaryňyz bilen gürleşmäge mümkinçilik dörär. Peýdaly tanyşlyklar bolup biler. Şahsy gatnaşyklarda hem oňyn täsirler agdyklyk eder. Romantik duşuşyklara gidýän Esetlere ýyldyzlar ýakymly garaşylmadyk sowgatlary wada berýärler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Gün maliýe meselelerini çözmek üçin amatlydyr. Täze çeşmelerden pul gelmegi mümkin. Käbir Sünbüleler täze girdeji çeşmesini taparlar ýa-da gysga wagtda peýda getirjek teklipler alarlar. Ýakynlaryňyzyň goldawy sizi begendirer. Olar şu gün nähili ýagdaý bolsa-da siziň tarapyňyzda bolarlar. Şeýle hem garaşylmadyk sowgatlar we habarlar gelip biler. Agşamyna medeni çärelere gidýän Sünbüleleri gyzykly duşuşyklar garaşýar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Günüň birinji ýarymynda wagtyňyzy boş zatlara sarp etmäň. Eger möhüm işlere derrew başlasaňyz bu döwür örän netijeli bolar. Öň hemmeleri geň galdyran ýa-da örän kyn görnen meseleleri çalt çözmäge mümkinçilik dörär. Işewür duşuşyklar hem garaşyşyňyzdan has gowy geçer.Şeýle hem ünsi jemlemek kynlaşar, hyzmatdaşlar ýa-da kärdeşler bilen düşünişmezlikler döräp biler. Käbir Mizanlar özgeleriň ýalňyşyny düzetmek üçin öz işlerini goýmaly bolarlar, bu bolsa sizi azajyk gynandyrar. Şahsy gatnaşyklarda bolsa garaşylmadyk erbetlikler bolmaz. Köpden bäri görmedik dostlaryňyz bilen duşuşyp bilersiňiz. Köne aragatnaşyklary dikeltmek isleseňyz, bu hökman başardar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün pul bilen, aýratyn-da özgelere degişli ýa-da karz pul bilen töwekgelçilik etmek üçin amatly däl. Uly meýilleşdirilmedik söwdalary etmezden ýa-da şübheli iş taslamalaryna pul goýmazdan ozal iki gezek oýlanyň. Islendik şertnamalara çynlakaý çemeleşiň we resminamalary ünsli öwreniň. Akraplaryň köpüsi şu gün duýgulara aldanar we soňra ökünjek gysga wagtlyk ädimlerini äderler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Bu gün Kowuslar üçin biraz dartgynly, emma netijeli gün bolmagyna garaşylýar. Esasy ünsüňizi ownuk jikme-jikliklere we töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşygyňyza bermeli bolarsyňyz.Günüň birinji ýarymynda garaşylmadyk kynçylyklar ýa-da iş meýilnamasynyň üýtgemegi mümkin. Resminamalar we hasaplar bilen işleşeniňizde gaty seresap boluň, ýalňyşlyk goýbermek ähtimallygy bar.Täze uly taslamalara başlamakdan däl-de, köne we tamamlanmadyk işleri bitirmekden başlaň. Maliýe taýdan uly çykdajylardan saklananyňyz has gowudyr.Şeýle hem saglyk we ruhy taýdan  aşa köp işläp, özüňizi ýadatmazlyga çalyşyň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün öňden tanyş işler we köpden bäri goýlan meseleler bilen meşgullanyp bilersiňiz. Täze işe diňe üstünlik gazanjakdygyňyza we kynçylyk dörände kömek aljakdygyňyza gözüňiz ýetse başlaň. Günüň ikinji ýarymy döredijilik we okuw üçin amatlydyr. Käbir Jediler köne gyzyklanmalaryna gaýdyp gelerler we bu olara uly lezzet berer. Dostlar we ýakynlar bilen gidiljek syýahatlar hem şowly bolar.

Daluw (gowa 21.01 — 20.02)

Gün köp möhüm meseleleri çözmek üçin amatlydyr. Çylşyrymly ýagdaýlara düşünmek we dogry ädimi ätmek üçin size köp wagt gerek bolmaz. Hatda durmuş tejribesi az bolan Daluwlar hem ýalňyşlyk goýbermezler, sebäbi intuisiýasy olara kömek eder.Işewür gatnaşyklarda gowulaşmalar, şowly gepleşikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk teklipleri bolup biler. Siziň bilimleriňiz köp adama peýdaly bolar we kömek soranlar munuň minnetdarlygyny bildirerler. Şu gün tanyşjak ýa-da işleşip başlajak adamlaryňyz bilen tiz wagtdan dostlaşmagyňyz mümkin. Maliýe taýdan hem gün amatly bolar: garaşylmadyk pul girdejileri we şowly söwdalar bolup biler. Günüň ikinji ýarymy maşgala agzalary we garyndaşlar bilen duşuşyklar üçin örän gowy bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Günüň başlangyjy örän şowly bolar. Bu wagt täze işlere başlamak we öňden dowam edýän taslamalary tamamlamak üçin amatlydyr. Hatda kynçylyklar döräp başlasa-da, Hutlar ýagdaýy nädip gözegçilikde saklamalydygyny derrew bilerler. Günüň ikinji ýarymy aragatnaşyk üçin örän oňaýlydyr. Köpden bäri düşünişip bilmedik adamlaryňyz bilen gürleşiň ýa-da dawaly meseleleri täzeden ara alyp maslahatlaşyň. Dawalardan gaça durup, ylalaşyk gazanmak ähtimallygyňyz ýokary.

 

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

2026;Hepdelik täleýnama (02-nji -08-nji mart)

05-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

04-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

03-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

02-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

01-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama