Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün işe ünsüni jemleýänler we çylşyrymly hünär meselelerini çözmekden başlaýanlar üçin şowly gün bolar. Siziň işe girişýän energiýaňyz töweregiňizdäkilere örän ýarar. Hatda garaşmadyk adamlaryňyz hem size goldaw hödürläp bilerler.Şeýle hem ýyldyzlar täze iş gözleýän ýa-da iş gerimini giňeltmek üçin ygtybarly hyzmatdaş tapmaga synanyşýan Hamallara goldawy wada berýärler.Güniň ikinji ýarymynda köne meseleler ýada düşüp biler.
Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)
Gün takyklygy ünsü jemlemegi we ownuk jikme-jikliklere üns bermegi talap edýän işler üçin örän amatlydyr. Okuwda ylmy we barlag işlerinde üstünlikler bolmagy ähtimal. Köp Sowurlar ähli zadyň içinden iň möhümini saýlap alyp galanlaryny taşlap bilmek ukyby gerek bolar. Töwereklerindäkiler bu ýyldyz astynda doglanlaryň näme üçin beýle hereket edýändiklerine elmydama düşünişmezler. Ýöne düşündiriş bermek üçin wagt sarp etmek hökman däl bir az wagtdan hemme zat öz-özünden aýan bolar.Güniň ikinji ýarymynda maşgalada ujypsyzja agzalalyklar bolup biler. Umumy emläk bilelikdäki býudjet we uly satyn alyşlary meýilleşdirmek baradaky meseleler jedellere sebäp bolup biler.
Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu ýyldyz astynda doglanlar nähili hereket etmelidigine we kömek üçin kime ýüz tutmalydygyna çalt düşünerler wagtynda başlangyç görkezerler we netijesiz taslamalara wagt sarp etmezler.Günüň birinji ýarymy iş gepleşikleri mümkin bolan hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak we potensial iş berijiler bilen duşuşmak üçin amatlydyr. Hatda adaty ýagdaýlarda başgalaryň pikirine ähmiýet bermeýänler hem size gulak asarlar. Öňki bäsdeşleriňiz bilen bilelikdäki hereketler barada ylalaşmagyňyz hem mümkin.Günüň ikinji ýarymy birinjisinden pes bolmaz. Oňyn meýilleriň täsiri aýratyn-da şahsy gatnaşyklarda güýçli bolar. Käbir Jöwzalara bolsa romantik garaşylmadyk sowgatlar garaşýar.
Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)
Aňsat üstünliklere bil baglaman netije gazanmak üçin zähmet çekmeli bolarsyňyz. Bu ilki bilen diňe öz işlerini däl eýsem başgalara-da kömek etmäge çalyşýan Seretanlara degişlidir. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar diňe bir başgalaryň meselelerini çözmek üçin däl eýsem özleriniň hem ýüze çykan meselelerini anyklamaga-da köp wagt sarp etmeli bolarlar. Bu iş geljekde ýalňyşlyklary goýbermezlige kömek etjek tejribe toplamakga mümkinçilik berer.Günüň ikinji ýarymynda oýlap tapyjylyk we döredijilikli çemeleşme talap edilýän ýerlerde uly öňegidişlik ähtimaldyr. Şeýle hem köpden bäri durmuşyna täze bir zat girizmek isleýän Seretanlary hem begendirer.
Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün gowy işlemek üçin pursat bolar. Hatda soňky wagtlar hünär meseleleri siziň üçin birinji orunda bolar.Siziň az-kem tagalla edip gazanjak netijeleriňiz hemmede uly täsir galdyrar.Käbir Esetler möhüm maglumatlary ýa-da peýdaly maslahatlary alarlar.Şeýle hem köpden bäri kellesini agyrdyp gelýän soraglaryna jogap taparlar. Bu ýakyn geljek üçin meýilnamalary anyklamaga we olary amala aşyrmaga girişmäge mümkinçilik berer.Günüň ikinji ýarymynda duýgularyňyzy gözegçilikde saklap bilmek örän möhüm bolar. Bu diňe bir işe däl, eýsem şahsy gatnaşyklara-da degişlidir.
Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)
Tagalla etmeli bolar emma bu tagallalar biderek gitmez. Bu zähmete görä sylag berilýän ýakymly günleriň biridir şonuň üçin siziň örän köp zada ýetmäge mümkinçiligiňiz bar. Bu ýerde diňe bir zähmet çekmek ukyby däl eýsem energiýanyňyzy derrew peýdaly ugra gönükdirip bilmek hem möhüm bolar. Köp Sünbülelere ýagdaýy bütinleýin görmek we ownuk jikme-jiklikleri gözden sypdyrmazlyk ukyby kömek eder. Bu ýyldyz astynda doglanlar ýalňyşlyklara ýol bermezler we öňki bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başararlar.Işewür gatnaşyklary berkitmek üçin amatly gün.Günüň ikinji ýarymynda hem maliýe pudagynda oňyn meýiller agdyklyk eder. Garaşylmadyk pul girdejileri ýakymly sowgatlar bolup biler. Öý işleri bilen meşgullanmak peýdaly zatlary meselem mebel ýa-da hojalyk tehnikasyny satyn almak üçin gowy wagt.
Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)
Möhüm işleriňiz we uly meýilnamalaryňyz barmy? Onda niýetiňizi amala aşyrmaga mümkin boldugyça irräk başlaň. Hut günüň birinji ýarymynda oňyn meýilleriň täsiri has güýçli bolar. Mundan peýdalanmaga we mümkin boldugyça köp zady bitirmäge çalşyň. Günüň ikinji ýarymy birneme kynrak bolar. Bu wagt köne meselelere dolanmaly bolmagyňyz ýa-da başga birine tabşyrmagy makul görjek işleriňiz bilen meşgullanmaly bolmagyňyz mümkin. Käbir Mizanlaryň kärdeşleri bilen düşünişmezlikleri ýüze çykyp biler hatda ýolbaşçylar bilen jedelleşmek hem aradan aýrylmaz däl.
Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)
Hemme zat gaty gowy bolup barýar şonuň üçin ýagdaýdan peýdalanyp siziň üçin aýratyn möhüm bolan işlerde üstünlik gazanmaga çalşyň. Käbir ownuk meseleleri özbaşdak çözmeli bolarsyňyz, galanlaryna bolsa ýakynlaryňyzyň kömek edip biler. Wagtynda uly kömek eden adamlaryňyzdan goldaw soramakdan çekinmäň olar size kömek etmekden ýüz öwürmezler. Günüň ikinji ýarymynda maliýe meseleleriňizi çözüp bilersiňiz.
Kowus (Keman 23.11 — 21.12)
Köp zat bitirmeli bolar emma hemme zat meýilnama boýunça gitmez. Köp Kowuslara bu gün öňki alan bilimleri we tejribeleri kömek eder. Olaryň saýasynda bäsdeşleriňizi yzda galdyryp bilersiňiz.Kimdir birinden doly goldawa garaşmak ýalňyşlyk bolar. Emma şeýlede bolsa howsala düşmäň size kömek etjek hyzmatdaşlar tapylar, emma siz olara näme üçin we nähili kömege garaşýandygyňyzy düşündirmeli bolarsyňyz. Çalt çözülmeli işleri özbaşdak bitirmäge çalşyň. Şeýtmek bilen köp güýjüňizi tygşytlarsyňyz.Güniň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklarda başlangyç görkezip bilersiňiz.
Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)
Günüň başynda ähli Jediler kynçylyklardan gaçyp bilmezler. Bu wagt derrew çözülmeli käbir ownuk meseleler ýüze çykyp biler, işlerde gijikmeler hem bolup biler. Bu ýagdaý gaharyňyzy getirer we hemmeler duýgularyna erk edip bilmezler. Şonda-da oýlanşyksyz hereket etmezlige soňundan ökünmeli boljak zatlaryňyzy aýtmazlyga we etmezlige çalşyň.Işde-de öýde-de düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Günüň ikinji ýarymy has ýakymly geçer. Oňyn meýilleriň täsiri güýçlener, durmuşyň ähli ugurlarynda gowulyga tarap özgerişler bolup biler. Maşgala meselelerini çözmek bilen meşgul bolan Jedilere gowy habarlar garaşýar.
Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)
Günüň başy örän gyzykly bolar. Bu wagt aralygynda siz diňe bir köp peýdaly işleri bitirmek bilen çäklenmän, eýsem tiz wagtda gerek boljak zatlary hem öwrenip ýetişersiňiz. Ýagdaýlar garaşyşyňyz ýaly bolup bilmez ýöne bu bökdençlik döretmez. Gaýtam siz ýagdaýa görä ugurtapyjylyk görkezersiňiz maksada ýetmegiň ýönekeý emma täsirli usulyny taparsyňyz. Käbir Daluwlar peýdaly tanyşlyklar açarlar ýa-da täsirli adamlaryň goldawyny alyp bilerler. Köpçüligiň öňünde çykyş etmek gowy geçer. Günüň ikinji ýarymy, aýratyn-da diňe özbaşdak hereket etmäge we diňe öz duýgularyna bil baglamaga öwrenşen Daluwlar üçin has kyn bolar. Haýsydyr bir möhüm işde size goldaw gerek bolmagy mümkin. Muny näçe ir bilseňiz, şonça-da az güýç sarp edersiňiz. Maliýe meselelerini ýeke çözmek, hiç kim bilen maslahatlaşman uly satyn alyşlar barada karar kabul etmek maslahat berilmeýär.
Hut (Balyk 21.02 — 20.03)
Hiç ýere howlukman günüňizi hakykatda näme isleýändigiňiz baradaky pikirler bilen başlanyňyz gowudyr. Ýyldyzlar siziň köp başlangyçlaryňyzy goldamaga wada berýärler.Siz aýratyn-da özüňizi gyzyklandyrýan we ylham berýän işleri has gowy başararsyňyz.Köp Hutlara şu gün takyklygy ünsüni jemlemegi we ownuk jikme-jikliklere üns bermegi talap edýän işler aňsat düşer.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
