DÜNÝÄ

Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem halkara we sebit meýdançalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem döwletara dialogy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen öňde duran bilelikdäki çäreleri guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek we ony täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Related posts

Beýik Britaniýada täze hökümet düzüldi

Russiýa Türkmenistana sanly parlament kitaphanasyny döretmegi teklip etdi

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy