SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

11-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar üçin bu gün işlerinde  öňe gidişlik gazanmaga uly mümkinçilikler  döräp. Esasan hem, öňden bäri garaşyp ýören jogabyňyzy alyp bilersiňiz. Pul meselesinde özüňize artykmaç çykdajy döretmezlige çalşyň.Söýgi gatnaşyklarynda bolsa biraz sabyrly bolmak gerek. Ýakyn adamyňyz bilen käbir meseleler boýunça pikirleriňiz gabat gelmezligi mümkin. Şeýle ýagdaýda jedelleşmegiň ýerine, biri-biriňizi diňlemek has dogry bolar. Agşam maşgalaňyz bilen hoş wagt geçirmek keýpiňizi gowulandyrar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün öýüňizdäki käbir meseleler bilen meşgullanmaly bolarsyňyz. Maşgala üçin öňden meýilleşdiren işleriňizi amala aşyrmaga mümkinçilik taparsyňyz. Işde bolsa özüňize ynanylan wezipäni ünsli ýerine ýetiriň. Maliýe babatda täze zat satyn almaga howlukmaň, ilki bilen onuň hakykatdan-da zerurdygyny pikir ediň.Söýgi durmuşynda ýoldaşyňyzyň size bildirýän ünsüne baha beriň. Käwagt ýönekeýje mähirli söz hem gatnaşyklara uly täsir edýär.

 Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Telefon jaňlary, habarlaşmalar we dürli duşuşyklar günüňiziň esasy bölegini eýeläp biler. Iş bilen bagly täze bir teklip eşitmegiňiz mümkin. Emma karar kabul etmezden ozal ähli şertleri anyklamak peýdaly bolar.Pul meselesinde tanyşlaryňyza karz bermek ýa-da özüňiz karz almak ýaly ýagdaýlara seresap çemeleşiň.Söýgi durmuşynda köpden bäri aýdyp bilmän ýören pikirleriňizi paýlaşmaga mümkinçilik dörär. Dostlaryňyz bilen söhbetdeşlik hem size gowy keýp berer.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün ýakynlaryňyzyň aladasy bilen meşgullanyp, öz işleriňize wagt ýetmezçiligini  duýmagyňyz mümkin. Emma ähli zady bir günüň içinde ýerine ýetirmäge çalyşmaň.Şeýke hem  işde yerinizde  garaşylýan bir mesele boýunça oňyn habary  alyp bilersiňiz.Maliýe ýagdaýyňyzy gözden geçirip, geljekki çykdajylaryňyzy öňünden kesgitlemek ýerlikli bolar. Söýýän adamyňyz bilen bilelikde geçirilen wagt gatnaşyklaryňyza ýakymly täsir eder. Maşgalaňyzda öňden bäri ara alnyp maslahatlaşylýan bir mesele hem çözgüdini tapyp biler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün özlerini  görkezmäge  amatly pursat dörär. Işde öňe sürjek teklibiňiz ýa-da täze pikiriňiz başgalaryň ünsüni çekip biler. Ýöne üstünlik gazanmak üçin diňe öz pikiriňize  daýanman, töweregiňizdäkileriň pikirini hem diňläň.Maliýe babatda girdejileriňizi dogry paýlamak möhüm bolar. Söýgi gatnaşyklarynda ýakyn adamyňyza garaşýan zadyňyzy açyk aýtmak düşünişmezlikleriň öňüni alar. Çagalaryňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz bilen bagly ýakymly waka bolup biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Günüň dowamynda birnäçe ownuk işleriň bir ýere jemlenmegi mümkin. Şonuň üçin wagtyňyzdan  dogry peýdalanmak  size ýeňillik berer. Iş ýeriňizde  öňden galan resminamalary, hasaplary ýa-da beýleki işleri tertipleşdirmek üçin  bu gün amatly pursat. Maliýe meselesinde tygşytlylygyňyzyň peýdasyny görüp bilersiňiz.Söýgi durmuşynda käbir zatlary içiňizde saklaman, ýakyn adamyňyz bilen paýlaşyň.Maşgalaňyzda kimiňdir kömegine ýa-da maslahatyňyza garaşylýar. Onuň üçin azajyk wagt tapmak hem ýeterlik bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün şahsy durmuşyňyz bilen bagly meseleler has köp ünsüňizi çeker. Ýakyn dostuňyz ýa-da maşgala agzaňyz bilen möhüm bir gürrüňdeşlik bolup biler. Işde täze adamlar bilen tanyşmak ýa-da peýdaly aragatnaşyk gurmak mümkinçiligiňiz bar.Maliýe babatda göwnüňize ýaran zady dessine satyn alman, biraz garaşmak maslahat berilýär. Söýgi durmuşynda ýoldaşyňyz bilen bilelikde geljekki meýilnamalaryňyzy ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy gün. Öýüňizde ýakymly üýtgeşiklik etmek islegi hem döräp biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün özüňize we şahsy maksatlaryňyza has köp üns berersiňiz. Işde öňden bäri çözülmän duran bir meseläniň jogabyny tapmagyňyz mümkin. Kärdeşleriňiz bilen gereksiz jedellerden daşda duruň. Maliýe babatda öňki çykdajylaryňyzy seljermek we tygşyty bolmagyň ýollaryny gözlemek bu gün  peýdaly bolar. Söýgi durmuşynda sizden biraz düşünişmek we üns bermek talap edilýär. Ýakyn adamyňyz bilen ýakymly söhbetdeşlik gatnaşyklaryňyza täze öwüşgin çaýyp biler. Özüňize hem dynç almak üçin wagt goýuň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Günüň dowamynda täze ýerler, täze işler ýa-da gyzykly teklipler bilen bagly pikirler kelläňize gelip biler. Iş babatda özüňizi ösdürmek üçin peýdaly maglumatlara duş gelmegiňiz mümkin. Maliýe meselesinde geljekki meýilnamalaryňyza laýyklykda hereket ediň.Söýgi durmuşynda bilelikde wagt geçirmek we gündelik aladalardan biraz daşlaşmak gatnaşyklaryňyza oňyn täsir eder. Uzakda ýaşaýan dostuňyzdan ýa-da garyndaşyňyzdan habar alyp bilersiňiz. Maşgalaňyz bilen bagly kiçijik bir meýilnama hem günüňizi şatlykly tamamlap biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün iş we maliýe bilen bagly meseleleri çözmäge has köp wagtyňyzy sarp edersiňiz. Öňden başlan işleriňiziň netijesini görüp başlarsyňyzŞeýle hem özünize . Täze jogapkärçiliklerden çekinmäň, ýöne özüňize artykmaç ýük hem alman. Pul meselesinde uzak möhletli maksatlaryňyzy ýatdan çykarmaly däl. Söýgi durmuşynda bolsa diňe gündelik aladalar bilen çäklenmän, ýoldaşyňyza hem üns beriň. Maşgalaňyzda biriniň garaşýan kömegi siziň üçin uly kynçylyk döretmez, emma onuň üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Bu gün garaşylmadyk duşuşyk ýa-da öňünden meýilleşdirilmedik habar günüňiziň ugruny üýtgedip biler. Işde täze pikirleriňizi durmuşa geçirmek barada oýlanarsyňyz. Käbir meýilnamalaryňyzy başgalar bilen paýlaşmazdan ozal, olaryň üstünde ýene bir gezek pikirlenmek ýerlikli bolar. Maliýe babatda dostlaryňyz bilen bilelikdäki çykdajylara üns beriň.Söýgi gatnaşyklarynda erkinlik bilen ýakynlygyň arasynda deňagramlylygy saklamak möhümdir. Maşgalaňyz bilen bilelikde geçirmek üçin wagt tapmak hem size ýakymly bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar üçin bu gün käbir şahsy meselelerini çözmek üçin amatly ýagdaýlar dörär. Işde size ynanylan wezipäni ýerine ýetirmekde döredijilikli çemeleşmäňiz peýda berer. Emma başgalaryň işini hem öz üstüňize almaga howlukmaň. Söýgi durmuşynda ýakyn adamyňyz bilen bilelikde geljek barada gürrüň etmek üçin amatly pursat.Maşgala agzalaryňyz bilen bagly hoş habar eşitmegiňiz ýa-da köpden bäri garaşýan duşuşygyňyzyň amala aşmagy mümkin.

 

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Related posts

23-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

04-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

25-nji awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri