Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli kabul edişlik gurady. Bu barada metbugat neşirleri habar berýär.
Türkmenistanyň Hökümetine wekilçilik edip, maliýe we ykdysadyýet ministri, ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mämmetguly Astanagulow boldy.
Rumyniýanyň ilçisi dabarada eden çykyşynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň özboluşly nyşanyna öwrülendigini aýtdy.
– Rumyniýanyň we Türkmenistanyň Bilim ministrlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde rumyn tarapy türkmen ýaşlaryna berilýän talyp haklarynyň sanyny ep-esli artdyrdy.
Men şu gün rumyn döwletiniň 2027–2028-nji okuw ýyly üçin türkmen talyplaryna 107 sany talyp hakyny bölüp berjekdigini yglan etmäge şatdyryn. Şeýle hem türkmenistanly ýaşlaryň barha köpüsiniň bilim almak üçin Rumyniýany saýlaýandygyny bellemek isleýärin.
Biz bu ýagdaýy goldaýarys we höweslendirýäris, çünki Rumyniýa ajaýyp akademiki gurşawda okamak üçin örän oňat mümkinçilikleri we artykmaçlyklary hödürleýär – diýip, ilçi belledi.
