MEDENIÝET

«Amul-Hazar» atly ýörişine gatnaşyjylar Ahal topragynda

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilýän «Amul — Hazar» atly ýörişiniň her bir güni egsilmez ruhubelentlige beslenýär. Gadymy Amuldan badalga alan, şanly ýylymyzyň çärelerine baý mazmun, özboluşly röwüş goşýan taryhy atly ýöriş şu günler gadymy Ahal ýaýlasy boýunça menzil aşýar. Sebitiň dürli künjeklerinde — giň ýaýlalarda, sähra jümmüşinde gurnalan düşelgelerde atly ýörişe gatnaşyjylar mähirli garşylanýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň golaýynda gurnalan 7-nji düşelgede owadanlykda we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerine atlanyp gelen ýigitleriň aýratyn şatlyk-şowhun bilen garşylanandygyny bellemelidiris.

Atly ýörişe gatnaşyjy ýigitler Nowruz ýaýlasy bilen utgaşyp gidýän tebigatyň owadan ýerinde giň gerim alan dabaradan özboluşly lezzet aldylar. Bilşimiz ýaly, türkmen tebigatynyň bu täsin we gözel künjegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli resminamasy bilen, 2016-njy ýylda «Nowruz ýaýlasy» diýlip atlandyryldy. Şondan köp wagt geçmänkä, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ajaýyp ýaýlada «Türkmeniň ak öýi» binasy gurlup ulanmaga berildi. Indi bu ýerde rysgal-berekediň, päk umyt-arzuwlaryň, galkynyşyň, täzelenişiň we gülleýşiň baýramy bolan Halkara Nowruz gününiň, Milli bahar baýramynyň dabaralaryny uludan belläp geçmek däbe öwrüldi.

35 sany atly ýigidiň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişine gatnaşyjylar bu ýörişin dowamynda 1 müň 755 kilometre uzajak taryhy ýörişi amala aşyrarlar.

Nesip bolsa, atly ýigitleriň ýörişi ajaýyp Awazada jemlener.

Related posts

1-nji oktýabr Halkara kofe güni

“Meniň Watanym” kinofestiwaly: ýeňijiler yglan edildi

Iň oňat internet teleseriýaly