JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisinde 2027-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyna seredildi

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky on üçünji maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda «Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.

Türkmenistanyň geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasynyň – Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip düzülende ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen Milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeler hem-de görkezijiler nazara alyndy we olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur bolan serişdeler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we senagat-önümçilik mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmak bilen bagly wezipelere aýratyn uly ähmiýet berildi.

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen tutumly işleri, milli kanunçylygy kämilleşdirmek barada döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy