BIZNES

Türkmen önümlerini Fransiýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna çykarmak maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatowyň «Fransiýa–Türkmenistan» Söwda palatasynyň başlygy hanym Mari-Elen Berar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda birža söwdasynyň gerimini giňeltmäge, türkmen önümlerini Fransiýanyň we Ýewropanyň bazarlarynda ilerletmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem fransuz işewür toparlary, treýderler we broker kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, özara söwdanyň möçberini giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Related posts

2020-nji ýylyň 11 aýynyň ykdysady görkezijileri

Birža täzelikleri: el halylaryna uly gyzyklanma

Hazar’ın liman başkanlarının toplantısı

vepa