DÜNÝÄ

Türkmenistan we Hytaý BMG-de Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň ýokary derejeli mejlisini geçirdiler

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň bilelikdäki başlyklyk etmeginde Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi.

Çäre Bütindünýä durnukly ulag gününe, BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň (2026–2035-nji ýyllar) durmuşa geçirilmeginiň ilkinji ýylyna hem-de BMG-niň Durnukly ulag boýunça Birinji Ählumumy maslahatynyň on ýyllygyna bagyşlandy.

Mejlise BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Nawid Hanif, BMG-niň Iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we kiçi ada ösüp barýan döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy (UN-OHRLLS), BMG-Habitat, BMG-ä agza döwletleriň hemişelik wekilleri we wekiliýetleri, şeýle hem BMG ulgamynyň edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapy BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza Hereketler Maksatnamasy bilen amaly taýdan utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu meselede Türkmenistanyň 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar toparyna başlyklyk etmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Awstriýanyň utgaşdyrmagynda Awaza Hereketler Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ikinji komitetiniň rezolýusiýasynyň taslamasy baradaky gepleşikleriň tamamlanandygy bellenildi.

Mejlisiň dowamynda Mongoliýa we Efiopiýa Dostlar toparyna goşuldy. Şeýle hem täze hyzmatdaşlar, «Global Sustainable Transport Innovation Award» halkara baýragy we BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny goldamak ugrunda meýletin borçnamalar tanyşdyryldy.

Mejlisiň möhüm amaly netijeleriniň biri Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekilhanasy tarapyndan taýýarlanan Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň ýöriteleşdirilen web sahypasynyň işe girizilmegi boldy. Gatnaşyjylara Durnukly ulag atlasynyň prototipi hem görkezildi.

Gatnaşyjylar döwletleriň we hyzmatdaşlaryň teklipleri esasynda Toparyň 2027-nji ýyl üçin Ýol kartasyny taýýarlamak boýunça geljekki işleriň ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle hem häzirki Baş Assambleýanyň sessiýasynyň dowamynda Toparyň ilkinji gezek Ikinji komitetde bilelikdäki beýannama bilen çykyş edendigi bellenildi.

Geçirilen mejlis durnukly ulag ulgamyny ösdürmekde döwletleriň we halkara hyzmatdaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrdy hem-de BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny goldamak ugrunda Toparyň geljekki işleriniň amaly ugurlaryny kesgitledi.

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiň ösmegine goşant goşýar

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy

Gazagystanda wise-prezident wezipesini girizmek teklip edildi