Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Stambulda geçirilen metbugat maslahatynda 2026-njy ýylyň üçünji çärýeginde we ilkinji dokuz aýynda ýurduň syýahatçylyk pudagynda gazanylan netijeler barada maglumat berdi.
Ýanwar–sentýabr aýlarynda syýahatçylykdan alnan girdeji 51,3 milliard ABŞ dollaryna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,4 göterim artdy. Bu görkeziji gözegçilikleriň alnyp barylýan döwründe ilkinji dokuz aý boýunça iň ýokary netije boldy. Diňe üçünji çärýekde syýahatçylykdan gelen girdeji 5 göterim ýokarlanyp, rekord derejä – 25,5 milliard dollara ýetdi.
Ministr Mehmet Nuri Ersoý şeýle diýdi:
«Şu ýyl halkara syýahatçylyk pudagy adatdan daşary kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Sebitimizdäki çaknyşyklar, howa giňişliginiň ulanylmagyna girizilen çäklendirmeler, energiýa serişdeleriniň we awiabiletleriň bahalarynyň ýokarlanmagy syýahatçylaryň kararlaryna, awiakompaniýalaryň ýolagçy gatnatmak mümkinçiliklerine hem-de syýahatçylyk operatorlarynyň maksatnamalaryna täsir etdi. Şeýle şertlerde Türkiýe durnuklylygyň merkezi hökmünde tapawutlandy».
Ministr sözüni dowam etdirip, şeýle belledi:
«2018-nji ýyldan bäri syýahatçylyk pudagymyzyň çökgünliklere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen yzygiderli we maksada gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirdik. Türkiýäniň syýahatçylygyny öňe sürmek we ösdürmek agentligini (TGA) döretmek arkaly mahabat işlerini üznüksiz we ulgamlaýyn esasda alyp barmagy ýola goýduk, täze bazarlara çykdyk hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini köpeltdik. 2026-njy ýylyň üçünji çärýeginde we ilkinji dokuz aýynda rekord girdejileriň gazanylmagy saýlap alan strategiýamyzyň netijeliligini tassyklaýar».
Mehmet Nuri Ersoý geljekki meýilnamalar barada durup geçip, Türkiýäniň diňe bir esasy syýahatçylyk bazarlaryndaky ornuny saklamagy däl, eýsem, geljegi uly ugurlarda, hususan-da, Demirgazyk we Günorta Amerikada, Kanadada, Gündogar Aziýada, Afrikada we Okeaniýada işini has-da işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini nygtady.
Şu ýylyň ilkinji dokuz aýynyň jemleri boýunça syýahatçylaryň ýurtda bolmagynyň ortaça dowamlylygy 0,3 göterim ýokarlanyp, 10,34 gijä ýetdi. Bir gijä düşýän ortaça çykdajylar bolsa 4,6 göterim artyp, 107,7 ABŞ dollaryna deň boldy. Görkezilen döwürde Türkiýä gelen syýahatçylaryň umumy sany 49,1 million adama ýetdi.
Türkiýä syýahatçylaryň iň köp gelýän ýurtlary öňküsi ýaly Russiýa Federasiýasy (5,7 million adam), Germaniýa (5,17 million adam) we Beýik Britaniýa (3,2 million adam) boldy.
