Türkiýäniň Stambul şäherinde Türki dünýäsiniň VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy. Türki halklarynyň baý medeni mirasyny, milli kino sungatynyň gazananlaryny we häzirki zaman kinematografiýasynyň ösüşini şöhlelendirýän bu abraýly halkara medeni çärä Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar.
Bu halkara kinofestiwala Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Wekiliýetiň düzüminde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinorežissýorlary, aktýordyr aktrisalary, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri bar.

Türki dünýäsiniň kino ussatlaryny bir ýere jemleýän festiwalda türkmen kinematografiýasy «Gürgenç gözeli Törebeg», «Ýeňişli ädimler» hem-de «Küştdepdi» atly filmler bilen wekilçilik edýär. Milli kino sungatymyzyň özboluşlylygyny açyp görkezýän bu eserler türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, asylly däp-dessurlaryny we döredijilik gözleglerini halkara tomaşaçylaryna tanyşdyrmaga giň mümkinçilik döredýär.
Bu gezekki kinofestiwalyň aýratyn ähmiýetli taraplarynyň biri hem türkmen kino sungatynyň wekilleriniň halkara eminler toparynyň düzümine girizilmegidir.

Hususan-da, Sahysalyh Baýramow doly göwrümli çeper filmleriň, Maksat Gylyjow bolsa gysga göwrümli filmleriň bäsleşiginde emin agzasy hökmünde çykyş edýärler. Şeýle hem halkara kino baýramçylygynda Döwletgeldi Hudaýberdiýew dokumental kino ugrunyň emin agzalarynyň hatarynda öz ornuny aldy.
VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwaly diňe bir kino eserleriniň görkezilýän medeni çäresi bolman, eýsem, türki halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň, döredijilik tejribesini alyşmagyň we kinematografiýa ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meýdançasyna öwrülýär.

Şonuň üçin bu ýerde Türki dünýäsiniň kino sammitini, halkara bilelikdäki kino önümçiligi boýunça gepleşikleri, täze kino taslamalaryny goldamak maksatnamalaryny, şeýle hem kinematografiýada emeli aňyň geljegine bagyşlanan maslahatlary geçirilýär.
Türkmen kino sungatynyň bu abraýly halkara festiwalda mynasyp wekilçilik etmegi milli medeniýetimiziň dünýä giňişliginde wagyz edilmegine, ýurdumyzyň kino ussatlarynyň döredijilik mümkinçilikleriniň giňelmegine hem-de türki halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşmagyna ýardam edýär.
2026-njy ýylyň 3–7-nji noýabry aralygynda geçiriljek festiwalyň çäklerinde türki dünýäniň dürli ýurtlaryndan 56 film kino söýüjilere hödürlener. Doly metražly çeper filmler, dokumental filmler we gysga metražly filmler ugurlary boýunça jemi 30 film baýrakly orunlar ugrunda bäsleşer.
Ýatladyp geçsek, «Gorkut Ata» kinofestiwaly türki halklaryň umumy medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen 2021-nji ýylda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan esaslandyryldy.
Festiwal döredilen gününden bäri türki dünýäniň dürli ýurtlarynyň şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem geçirildi.
