Hytaý Halk Respublikasynyň Ninbo şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri dünýä rekordlarynyň bäşisini goýdular. Has takygy, milli ýygyndymyzyň agzalary Şabnam Kerimbaýewa bilen Didarbek Jumabaýew uly ýaşlylaryň arasynda geçirilýän dünýä birinjiliginde çykyş edip, dürli ýaş toparlarynda täze rekordlaryň eýeleri boldular. Şabnam ýetginjekleriň arasynda iki, Didarbek bolsa ýaşlaryň arasynda üç dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
30-njy oktýabrda zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 16 ýaşly Şabnam Kerimbaýewa silterläp götermekde 89 kilogram, itekläp götermekde 112 kilogram netije görkezdi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 201 kilogram agyrlygy göteren ildeşimiz ýetginjekleriň arasynda silterläp götermek we umumy netije boýunça dünýä rekordlaryny goýdy. Bu agram derejesiniň iň kiçi ýaşly wekili bolan Şabnam 17 ýaşyny 26-njy dekabrda doldurar. Muňa garamazdan, 57 kilograma çenli agramda 14 wekiliň diňe dördüsi umumy netije boýunça türkmen gyzyndan öňe geçip bildi. Hatda ol agyrlygy itekläp götermekde iň güýçlüleriň dörtlügine-de girdi. Bu görnüşde oňa bürünç medal üçin bary-ýogy bir kilogram agyrlyk ýetmedi. Şeýlelikde, Şabnam uly ýaşlylaryň arasyndaky dünýä çempionatynda umumy netije boýunça bäşinji orny eýeledi. Onuň 201 kilogramlyk netijesi bu agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda ozalky dünýä rekordyndan bir kilogram ýokarydyr.
31-nji oktýabrda erkekleriň arasynda 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Didarbek Jumabaýew hem üç sany dünýä rekordyny goýdy. Türkmen türgeni silterläp götermekde 152 kilogram, itekläp götermekde 188 kilogram, iki görnüşiň jeminde bolsa 340 kilogram netije gazandy. Bu görkezijileriň üçüsi hem 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy. IWF-niň maglumatyna görä, Didarbek halkara ýaryşlara 14 ýaşyndan bäri gatnaşyp gelýär. Şondan bäri gatnaşan sekiz halkara ýaryşynyň ählisinde-de ol ozalky netijelerini ýokarlandyryp gelýär.
8-nji noýabra çenli dowam etjek dünýä çempionaty 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşlaryň ilkinjisidir. Halkara agyr atletika federasiýasynyň maglumatyna görä, dünýäniň 500-den gowrak agyr atletikaçysynyň gatnaşýan bu ýaryşynda Türkmenistanyň on türgenden ybarat ýygyndysy çykyş edýär.
