JEMGYÝET

Matwiýenko Türkmenistanyň myhmansöýerligine ýokary baha berdi

Türkmenistan myhmanlary myhmansöýerlik bilen garşylaýar, ýurduň tagamlar bolsa «gaty lezzetli, şeýle bir datly», diýip Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň barşynda žurnalistlere gürrüň berdi.

«Biz Türkmenistanyň myhmanlaryny, dostlaryny nähili garşy alýandygy baradaky täsirli duýgular we ýatlamalar bilen ugraýarys. Bu barada aýratyn hekaýalary ýazyp bolar. Bu şeýle bir mähir, myhmansöýerlik, ýüzünde ýylgyryşly, ajaýyp, hormat goýýan adamlar. Şeýle hem türkmen tagamlarynyň örän datlydygyny, diňe bir söz bilen beýan edip bolmajak derejede lezzetlidigini aýdasym gelýär. Şu günlerde bizi kabul eden ähli türkmen dostlarymyza sag bolsun aýdýarys», — diýip Walentina Matwiýenko belledi.

Matwiýenko şeýle hem Türkmenistanyň çalt depginde ösýändigini, «has-da gözelleşýändigini we ýaşarýandygyny» belledi.

– “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bolsa ähli zady utgaşdyrmagyň nusgasydyr: ol wezipesi boýunça örän amatly hem-de milli däpleriň, milli medeniýetiň halkara kongreslere, forumlara we, elbetde, adamlaryň dynç almagyna niýetlenen döwrebap, amatly binalaryň gerimi bilen bir hatarda şu ägirt uly toplumda şöhlelenýän özboluşly binagärligidir», — diýip ol nygtady.

Walentina Matwiýenko we Federasiýa Geňeşiniň wekiliýeti 19–20-nji noýabrda Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki sessiýasynyň çärelerine gatnaşdy.

Related posts

Kazylar wezipe bellenildi we wezipeden boşadyldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

74 ýangyn söndüriji ulag ýolda

Ata Watan Eserleri