SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ-nyň Döwlet departamenti: «Türkmenistan syýahatçylar üçin howpsuz ýurt»

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti Türkmenistany syýahatçylar üçin  howpsuz ýurt hökmünde häsiýetlendirdi. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi Travel.State.Gov internet saýtynda ýerleşdirilen syýahatçylyk maslahatynda bellenilýär.
2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda täzelenen maglumatlara görä, Türkmenistan syýahatçylyk howpsuzlygy boýunça 1-nji derejä (Level 1 – Exercise Normal Precautions) degişli edildi. Bu dereje syýahatçylara adaty howpsuzlyk çärelerini berjaý etmegiň maslahat berilýändigini aňladýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi maglumatynda:
«Türkmenistan, umuman, syýahatçylar üçin howpsuz ýurtdur» diýlip bellenilýär.
Dünýä ýurtlarynyň howpsuzlyk derejesi reňkler arkaly görkezilýär
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi interaktiw dünýä kartasynda ýurtlar syýahatçylyk howpsuzlygy boýunça dört derejä bölünip, dürli reňkler bilen görkezilýär:
Gök reňk – 1-nji dereje (Level 1): Adaty howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek maslahat berilýär. Bu iň pes töwekgelçilik derejesidir.
Türkmenistan dünýä kartasynda gök reňk bilen görkezilip, syýahatçylyk howpsuzlygy boýunça iň pes töwekgelçilik derejesine degişli edilen ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilipdir.
Şeýlelikde, Türkmenistan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň syýahatçylyk howpsuzlygy boýunça iň oňyn maslahat derejesine degişli edilen ýurtlaryň biridir.
Döwlet departamenti Türkmenistana syýahat etmegi meýilleşdirýän ABŞ raýatlaryna adaty howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi, syýahat ätiýaçlandyrmasyny edinmegi we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini öňünden öwrenmegi maslahat berýär.
Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk howpsuzlygy kartasynda gök reňk bilen görkezilmegi ýurdumyza gelmegi meýilleşdirýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin möhüm maglumatdyr.

Related posts

Aşgabat-Stambul uçar gatnawlarynda täze möhlet

Ata Watan Eserleri

Köwata gowagy we köli- gezelenje geliň!

Ata Watan Eserleri

X türkmen-german forumy geçiriler