20-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, olaryň ylma we döredijilige höwesini artdyrmak, hünäre ugrukdyrmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Hususan-da, geljek aýda:
- Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda VI Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny,
- Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde I Halkara hukugy bäsleşigini, III Halkara filosofiýa we III Halkara ykdysadyýet olimpiadalaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
- Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly III halkara ylmy-amaly maslahaty, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Atçylyk pudagynda ylmy barlaglar we innowasiýalar: halkara tejribe we geljekki ösüş ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
