Onuň bilimine, giň düşünjesine, eden işlerine, il içinde uly abraýyna ýakyndan belent bolamsoň makalamyň sözbaşysyny şeýle goýmagy laýyk hasapladym. Çünki hormatly dostumyz, talyp ýoldaşymyz, kärdeşimiz, türkmen we rus žurnalistikasynyň ussady Amangeldi Nurmyradow şeýle ynsandy.
Amangeldiniň terjimehaly hakynda kelam-agyz durup geçip, soňra onuň bilen bagly wakalary ýatlamagy makul bildim.
Ol 1962-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda dünýä inipdi. Orta mekdebi tamamlap, 1980-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Rus filologiýasy fakultetine giripdi. Soňra uniwersitetiň 3-nji kursundan soň okuwyny Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika fakultetinde dowam etdirdi. 1986-njy ýylda okuwyny üstünlikli tamamlap, ilki Türkmen radiosynda işläp başlady. Ýiti zehini bilen özüni tanadansoň birnäçe ýyl Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň Metbugat gullugynda, soňra «Вечерний Ашхабад» gazetiniň baş redaktory wezipesinde işledi. 2000-nji ýyllardan başlap, ol birnäçe ýyl Russiýanyň «РИА Новости» habarlar agentliginiň Türkmenistandaky ýörite habarçysy wezipesinde işledi. Soňra bolsa Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDK), şeýle hem «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bolup zähmet çekdi. 2024-nji ýylda agyr kesele sezewar bolup, pensiýa çykypdy. Şeýlelikde ol 40 ýyldan gowrak žurnalistika pudagynda zähmet çekip, öz adyny türkmen hem-de rus žurnalistikasynyň taryhyna ýazdy.
Biz ýokary okuw mekdebinde okamak üçin 1980-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa synanyşypdyk. Şeýlelikde Amangeldi uniwersitetiň Rus filogiýasy, biz Türkmen filologiýasy fakultetine okuwa giripdik. Şol ýyllar Türkmen hem-de Rus filologiýasynda okaýan talyplaryň içinde kim döredijilik bilen içgin gyzyklanýan bolsa 3-nji kursdan soň 2-3 talyby Moskwa hem-de Leningrad döwlet uniwersitetlerine okuwa iberýärdiler. Kimiň nesibesi çekip dünýä belli ýokary okuw mekdebine gitse, ol ýerde 3 ýyl okamalydy. Bize 3-nji kursdan soň Amangeldi bilen Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika fakultetinde bile okamak miýesser etdi.
Fakultetimizde öňki Soýuzyň 15 respublikasyndan gelen talyplar okaýardy. Amangeldi rus diline ezberligi bilen okap ugran ilkinji günlerinden başlap deň-duş talyplarymyzdan saýlanyp ugrady. Bu bizi diýseň buýsandyrýardy. Ol ýerde talap ediji mugallymlaryň öwgüsine mynasyp bolmak kyndy. Amangeldi iňbir kyn sapaklary geçýän mugallymlaryň-da öwgüsine mynasyp bolýardy. Ýogsa,talyp ýoldaşlarymyzyň hatarynda häzirki döwürde Russiýanyň «Россия-1» teleýaýlymynda gepleşikleri taýýarlaýjy žurnalist Arkadiý Mamontow, «История» teleýaýlymynyň baş redaktory Alekseý Denisow, «РT» (Руссия Toдай) ýaýlymynda işleýän Aleksandr Gurnow ýaly zehinliler hem bardy. Ýöne olar-da birnäçe meselede Amangeldä ýüz tutardylar.
Okuwymyzy tamamlap, biz Amangeldi bilen bir ýerde – ol Türkmen radiosynda, men telewideniýede işledik. Soňra paýtagtdan jaýly bolanymyzda hem bize goňşy aralykda ýaşamak miýesser etdi. Ol Parahat 4 ýaşaýyş massiwiniň 43-nji, men 42-nji jaýynda ýaşaýardym.
Ol ýerde ýaşaýan döwrümizde biz Amangeldi bilen seýregrak görşerdik, bu işleriň köplügi bilen baglydy. Emma men her gün säher bilen işe barýarkam onuň mährem ýan-ýoldaşy Gülnar ýeňňäniň eli gazetli kioskdan täze çykan gazetleri alyp gelýänini görerdim. Bu Gülnar ýeňňäniň öz ýan-ýoldaşyna, onuň ykbalyna öwren işine goýýan belent sarpasydy. Çünki Amangeldi gazet üsti bilen Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçýän gündelik habarlar bilen tanşyp, gündelik taýýarlamaly habarlarydyr makalalaryny ir säher bilen ýazyp, «РИА Новости» agentligine ibermelidi.
Ýatlamalarymyz okaýan döwrümiziň wakalaryna syrykdyrmakçy bolýarys.
Moskwa uniwersitetinde talyp döwrümiz biz Şwernika köçesiniň ugrundaky DAS – (Дом аспиранта и стажера) Aspirantlaryň we tejribe geçýänleriň ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardyk. Amangeldi gazet-žurnallary we çeper eserleri okamagy gowy görerdi. Haçan ýanyna barsaň onuň ýa kitap ýa-da gazet okap oturanyna gözüň düşerdi. Okaýan ýerimiz Moskwa şäheriniň düýp merkezi – Красная Плошад-yň golaýy bolansoň ýaşaýan ýerimiz bilen aralyk bir sagat çemesi bardy. Şonda Amangeldi ýolda isle tramwaýa müneli, isle metro, maý tapdygy tä barýançak ýolda gazet-žurnal okap giderdi.
Okaýan döwrümiz synag tabşyrmak üçin birnäçe gün wagt berlerdi. Öňde keserip duran synaglardan geçmek üçin gije-gündiz okalardy. Çünki mugallymlar öte talap edijidi, olardan gowy baha almak kyndy.
Emma şol günler Amangeldiniň synaga taýýarlanyp oturanyny görmezdik. Ol şolbir endigi bilen gazet ýa çeper eser okap oturandyr. Synag güni gelerdem welin eli gazetli gelşine synaga girerdi-de, ýene endigi boýunça şol günki çykan gazeti açyp okar oturardy. Muňa tolgunma bilen synag tabşyrmaga duranlaryň ählisi haýran galardylar. Emma Amangeldi hiçbir tolgunçsyz bilet çekerdi-de, soraglara göz gezdirip, ýerine geçip oturmazdan duran ýerinde jogap berip, ýokary baha alardy.
Şol wagt eger birine synag boýunça kömek gerek bolsa, ak göwün bilen kömek edip, tä ol synagy tabşyryp çykýançak garaşardy. Bu onuň deň-duşlarynja hormatynyň, belent adamkärçiliginiň nyşanydy.
Ýaşaýan ýerimizde biz her ýylyň noýabr aýynyň 18-i gelende Amangeldiniň doglan gününi bellärdik. Şonda her kim haýsydyr bir kömegi üçin oňa minnetdarlygyny beýan ederdi. Mahlasy onuň bilen bagly bolan göwün galkyndyryjy wakalar kändi.
… Dek düýn – 17-nji noýabrda şol-ol birmahalky Amangeldiniň doglan gününi belleýän döwrümiziň ýakymly wakalaryny ýatlap säher bilen işe gelýärdim. Birden el telefonuma onuň aýrylanlygy hakynda gelen ajy sms habary aňymda aýlap gelýän ýakymly ýatlamalarymy orta bilinden üzüp, kalbymy hasrata öwürdi… «Wah, 64 ýaşyna birje gün galanda beýle bolşuny…».
Bu türkmen žurnalistikasy üçin öwezini dolup bolmajak uly ýitgidi.
Ynsan ile-gine, ýurduna eden ýagşy işleri bilen adamlaryň aňynda ebedi galýar. Amangeldi Nurmyradow gysga ömrüniň 40 ýyldan gowrak wagtyny žurnalistika bagyş edip, ajaýyp işleri bilen hakydalarda öçmejek yz galdyryp gitdi. Biz onuň hut mirasgär Atda Gurbangeldiýewiň:
Akly azlar akylyndan nalamaz,
Ýene akyl gerek diýrler danalar.
Giden ýyly unudylsa kimseler,
Kimsäň müň ýyldan soň ýaşy sanalar – diýen setirlerindäki ýaly, hemişe diri, aramyzda gezip ýören hökmünde ýaşynyň sanaljakdygyna ynanýarys. Çünki ýagşy ynsanlaryň ömri baky. Olar hiç-haçan unudulmaýar.
Atamyrat ŞAGULYÝEW, žurnalist.
