DÜNÝÄ

Belarusyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Belarusyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Terehow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmet Akmämmedow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Belarus hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy durnukly ösüşi görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň özara mümkinçilikleri harytlaryň we hyzmatlaryň dolanyşygyny has-da artdyrmaga şert döredýär.

Duşuşykda ulag-logistika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda üstaşyr ýük akymlaryny guramak we dolandyrmak boýunça amaly tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, oba hojalygy, ekologiýa, sanlylaşdyrmak we beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine garaldy.

Belarus we Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini dessin ara alyp maslahatlaşmak, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ösdürmek boýunça ylalaşyklary gazanmak hem-de olary durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri kesgitlemek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işinden has netijeli peýdalanmaga gyzyklanma bildirýärler.

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE DUŞUŞYK

Belarusyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Terehow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Belarus hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Iki ýurduň ykdysadyýetleri köp babatda biri-biriniň üstüni ýetirýär. Belarus we türkmen öndürijileriniň biri-birine hödürläp biljek önümleri we mümkinçilikleri bar. Belarus Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Duşuşygyň dowamynda Belarus-Türkmenistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, ýakyn geljekde birnäçe bilelikdäki işewürlik çärelerini guramak boýunça meýilnamalara aýratyn üns berdiler.

Related posts

200 ýyldan soň…

UNCTAD we IRU wekilleri bilen maslahat

260 müň funtlyk äýnek