DÜNÝÄ

COP 31 maslahaty: Türkmenistan halkara guramalar bilen resminamalara gol çekişdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly,  şu günler Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahaty (COP31) geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşýan bu halkara forumynda Türkmenistanyň wekiliýeti halkara guramalar bilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekişdiler.

Türkmenistanyň habarlar portalynyň habar bermegine görä, Çagalar, ýaşlar we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler baradaky Jarnama gol çekildi. bu resminama türkmen tarapyndan bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gol çekdi.

Gol çekilen beýleki resminamalar şeýle:

  • 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary (HCFC) ulanmakdan tapgyrlaýyn ýüz öwürmek taslamasynyň üçünji tapgyryny durmuşa geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
  • Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) hyzmatdaşlygyny täze bäş ýyllyk tapgyra çenli uzaltdylar. Taraplar 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassykladylar.
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan ýurduň dürli künjeklerinde energiýa geçişini goldamak üçin bilelikdäki taslama resminamasyna gol çekdiler.
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Halkara Suw serişdelerini dolandyrmak instituty (IWMI) özara düşünişmek we uzak möhletli hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekdiler.

 

Related posts

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda 20 sany dünýä lideri bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýada iş saparynda bolýar