JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri COP 31 Liderler sammitine gatnaşýar

Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşýar.

Halkara maslahat Türkiýe Respublikasynyň gurnamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýär. Maslahata 6 yklymdan 102 döwletden ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşýar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş COP 31 maslahatyna gatnaşmak üçin gelen dünýäniň döwlet we hökümet Baştutanlaryny, wekiliýet ýolbaşçylaryny garşylady.

Antalýadaky EKSPO merkezinde geçirilýän Liderler sammitinde Howanyň ählumumy maýlamagynyň öňüni almak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Bu maslahatda parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak boýunça milli strategiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmaga ýardam bermäge hem-de ösüp barýan ýurtlara maliýe we tehnologik kömegi üpjün etmek babatda özara pikir alyşmalar geçirilýär.

Bu iri halkara çäresi Antaliýadaky 110 gektar meýdany eýeleýän Antaliýa Ekspo merkezinde geçirilýär. Maslahatyň geçirilýän ýerinde 159 diwarlyk we wekiliýetler üçin 90 ofis bar.

Çäräni beýan etmek üçin 31 ýurtdan takmynan 4000 žurnalist akkreditasiýa aldy. 154 ýurtdan 45 müňden gowrak meýletinçi hem hasaba alyndy.

Related posts

Türkmenbaşyda “Kenar” sorujy bekedi we suw süýjediji desga gurlar

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisi üçin ileri tutýan garaýyşlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze doglan taýa Şahyr diýip at goýdy