DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Fransiýanyň Ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alena Grand bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa diplomatik işinde üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Related posts

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa owgan meselesini maslahatlaşdy

Italiýanyň ilkinji zenan Premýer-ministri

Türkmenistanyň BMG bilen özara hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşyldy