Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherindäki Prezidentiň «Ala-Arça» atly 1-nji döwlet kabulhanasynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň gurluşyk ministrleriniň ikinji duşuşygy öz işine başlady. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.
Çärä Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Forum ykdysadyýet, infrastruktura, şähergurluşyk we gurluşyk pudaklarynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanýar.
Duşuşygyň çäklerinde gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda özara tejribe alyşmak, gurluşyk pudagyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak we bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek meselelerine üns berilýär.
Forumyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2027–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
