JEMGYÝET

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman mähirli garşylandy. Bu ýerde üç ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däplerine görä, Täjigistanyň Liderine duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy.

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Related posts

Stambulda futbol bäsleşigi

vepa

Subut edilen nebit gory 50 ýyl soňra gutarsa gerek!

vepa

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Leave a Comment