JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy geçiriljek gepleşikleriň ýokary derejä eýe boljakdygyny we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde pikir alyşmalar üçin gowy mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagadaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Bakanlar Kurulu toplantısı: Dünyanın en büyük enerji tesisi açılıyor

vepa

Migrasyon : Bulunduğu yerde tescil

vepa

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

Leave a Comment