BILIM

Germaniýanyň ilçisi: 63 müň türkmen raýaty nemes dilini öwrenýär

Türkmenistanyň 63 000 raýaty ýokary okuw mekdeplerinde we “DIL” dil merkezinde nemes dilini öwrenýär. Bu barada Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Petra Dahtler German bitewüliginiň güni mynasybetli gurnan kabul edişlik çäresinde belläp geçdi.

Germaniýanyň ilçihanasynyň habar bermegine görä, paýtagtymyz Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen dabarada çykyş eden ilçi Petra Dahtler Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy hem-de geçen hepde gatnaşmak mertebesine eýe bolan täsirli dabaralaryň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

– Germaniýa Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ählisinde ilçihanalaryny açan ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň taryhy 35 ýyla uzap gidýär. Şol döwürde syýasy, ykdysady we medeni alyş-çalyşlar has-da pugtalandy.

German kompaniýalary bu ýerde lukmançylyk enjamlary pudagynda gowy abraýdan peýdalanýarlar. Olar logistika ulgamynda, mysal üçin, Türkmenbaşy şäherindäki portuň meýilleşdirilmeginde, şeýle hem nebit-gaz pudagynda we bank ulgamynda işjeň işleýärler – diýip, ilçi belledi.

Ilçi ýakynda, iýul aýynda, nemes işewürleriniň wekiliýeti Türkmenistana sapar edip, birnäçe wise-premýer bilen duşuşandygyny, şeýle ýokary derejede berlen üns we ykrar üçin Türkmenistanyň Hökümetine uly minnetdarlygyny bildirdi.

Germaniýanyň ilçisi, Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge uly gyzyklanmanyň bardygyny belläp, Türkmenistanyň 63 000 raýaty ýokary okuw mekdeplerinde we “DIL” dil merkezinde nemes dilini öwrenýändiklerini aýtdy.

Şeýle hem ol ýurtda nemes dilini çuňlaşdyryp öwrenmegi hödürleýän iki sany “PAŞ” mekdebiniň bardygyny, talyplaryň Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) talyp haklaryndan peýdalanyp bilýändiklerini, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birnäçe hyzmatdaşlyk maksatnamalary hereket edýändigini belledi.

Related posts

Diplom ykrar üçin täze sanaw: Moskwanyň “Üç uniwersitetiň missiýasy” – 2022 :neşir edildi

Açyk meýdandaky ilkinji synag

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy