BIZNES

Türkmenistanda 9 aýda 18 sergi we 10 maslahat geçirildi

Türkmenistanda ýanwar-sentýabr aýlarynda 18 sergi we 10 maslahat geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabatynda bellenildi.

Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,2 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,4 göterim ösüş depgini üpjün edilip, nah ýüplügiň önümçiligi 102,3 göterime, nah matalaryňky 100,9 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 102,6 göterime, gön önümleriniňki 100,5 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 23 müň 460 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 18 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň önümçilik kärhanalaryny netijeli peýdalanmagyň, bazarlaryň hem-de söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Related posts

Birža täzelikleri: 32 geleşik baglaşyldy

«Apple» dükanlary gaýtadan açylýar

Ata Watan Eserleri

5G ulgamyna eýe bolan ilkinji awtoulag