SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

2026-njy ýylyň 9 aýynda Özbegistana 10,3 million syýahatçy bardy

Özbegistan Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Özbegistana syýahatçylyk maksady bilen jemi 10 306 786 daşary ýurtly raýat geldi. Hasabat döwründe, Türkmenistandan 256 546 adam goňşy döwletde syýahatda boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 1,7 million adam, ýagny 20,4% artdy.

Özbegistana iň köp syýahatçy iberen ýurtlaryň ilkinji-10-lygynyň sanawy:

  • Gyrgyz Respublikasy — 2 844 201 adam;
  • Gazagystan — 2 404 638 adam;
  • Täjigistan — 2 274 288 adam;
  • Russiýa — 983 407 adam;
  • Owganystan — 380 190 adam;
  • Hytaý — 373 778 adam;
  • Türkmenistan — 256 546 adam;
  • Türkiýe — 148 772 adam;
  • Hindistan — 53 778 adam;
  • Germaniýa — 42 973 adam.

Related posts

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýola goýdy

COVID-19 sanjymynyň ygtybarlydygy mälim edildi

Ata Watan Eserleri

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri