026-njy ýylyň 5-10-njy noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «Hytaý halkara import EXPO» halkara sergisi geçirilýär. Dünýäniň köpsanly ýurtlaryň eksport mümkinçilikleri ýaýbaňlandyrylan sergä ýurdumyz öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. Milli pawilýonda Türkmenistanyň dürli pudaklarynda öndürilýän önümler, ykdysadyýetimiziň eksport we maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy görkezilýär. Bu bolsa, milli önümlerimizi halkara bazarlarynda ilerletmek, täze işewür hyzmatdaşlary tapmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döredýär.
«Hytaý halkara import EXPO» halkara sergisiniň çäklerinde 6-njy noýabrda Şanhaý şäherinde Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda, «Türkmen Maslahatçylar Topary» hojalyk jemgyýeti hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Halkara söwdany ösdürmäge ýardam bermek baradaky komitetiniň Şanhaý şäheri boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Forumda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy ýolbaşçylyk etdi.
Türkmen-hytaý işewürler forumyna «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň Baş sekretarynyň orunbasary N. Izraýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Halkara söwdany ösdürmäge ýardam bermek baradaky komitetiniň Şanhaý şäheri boýunça başlygy Ýang Dunsen, şol geňeşiň Şansi welaýaty boýunça başlygy Sýa Çžen, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň işewür toparlarynyň 400-e golaý wekili gatnaşdy.
Forumyň işi plenar mejlis we bäş sany mowzuklaýyn bölümler boýunça guraldy. «Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşleri: strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyry» atly plenar mejlisde Türkmenistanda hususy pudak üçin döredilýän amatly şertler, telekeçileriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goraglylygy, ýurdumyzyň maýa goýum we senagat kuwwaty barada giňişleýin maglumat berildi.
Türkmen-hytaý işewürler forumynyň beýleki mowzuklaýyn bölümlerinde türkmen-hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek we haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, häzirki zaman önümçilik tehnologiýalary ulgamynda senagat kooperasiýasyny ösdürmek, sebitde ulag-logistika arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak, işewürlik işini sanlylaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şunda, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk tehnikalary bilen üpjünçilik, maliýeleşdirmek, azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Forumyň çäklerinde «Ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmak: Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk. Taryhy-medeni mirasy wagyz etmek» atly ugurdaş «tegelek stol» maslahaty hem geçirildi. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmegiň hem-de halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden tanyşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Hytaý – Ýewraziýa sergisiniň sekretariatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem bar. Çäräniň dowamynda şeýle hem, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda «B2B» we «B2G» görnüşindäki ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň barşynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we özara bähbitli ylalaşyklary gazanmak üçin mümkinçilikler döredildi.
Forumyň dowamynda hytaýly işewürler Türkmenistanda telekeçilik işini guramak we alyp barmak bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar. Öz gezeginde, türkmen telekeçileri Hytaý Halk Respublikasyna eksport edilýän önümlere bildirilýän talaplar, bu ýurduň bazaryna çykmagyň şertleri we mümkinçilikleri, ilkinji nobatda, azyk hem-de oba hojalyk önümlerini ibermegiň geljegi bilen tanyşdylar.
Türkmen-hytaý işewürler forumynyň geçirilmegi iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
7-nji noýabrda forumyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynda senagat enjamlaryny we gurluşyk materiallaryny öndürmäge ýöriteleşen kärhanalara baryp görmek bilen dowam etdiriler.
