BIZNES

Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de oba hojalygynda we azyk senagatynda iş öndürijiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem azyk çig malyny galyndysyz we toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň täze innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Azyk senagaty döwlet birleşigine Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Related posts

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 8,34 milliard dollara deň boldy

“Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” Karar gol çekildi

Türkmenistan bilen Germaniýa bilelikdäki beýannama gol çekdiler