SPORT

Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda çykyş ederler

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 18-24-i aralygynda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň paýtagty Nagoýada V Aziýa Para oýunlary geçiriler. Bu uly möçberli sport çäresiniň açylyş dabarasy ýekşenbe güni «Paloma Mizuho» stadionynda bolar.

Bu köpugurly sport ýaryşlary 2010-njy ýyldan bäri her dört ýyldan bir gezek yklymyň iň gowy mümkinçiligi çäkli türgenlerini bir ýere jemleýär. Resmi taýdan «Aýti-Nagoýa 2026» diýlip atlandyrylýan häzirki toplumlaýyn bäsleşik 2022-nji ýylda bolmaly oýunlar «COVID-19» pandemiýasy zerarly 2023-nji ýyla geçirilenden soň, adaty dört ýyllyk düzgünine gaýdyp gelýär. Aziýa Para oýunlaryny geçirýän ilkinji ýapon şäheri Nagoýa bolar.

Olaryň resmi nyşany Aziýa oýunlarynyň baş harplary bilen sazlaşykly utgaşýar, ýöne oýunlaryň alawynyň reňklerinde we Ýaponiýanyň baýdagynyň elementlerinde beýan edilen özüne mahsus özboluşlylyga eýedir.

«Bir ýüregi göz öňüne getiriň» diýen şygar bäsleşigiň many merkezi boldy. Ol para sportunyň maýyplygyna garamazdan, adamlaryň arasyndaky päsgelçilikleri ýeňip geçmäge bolan ymtylyşyny alamatlandyrýar we biziň hemmämizi birleşdirýän umumylygy ýatladýar.

Aziýa Para oýunlarynyň umytlaryny we duýgularyny «Uzumin» atly tumar özünde jemleýär. Onuň ady ýapon dilindäki «Uzu» (suw girdaby) we «Izumi» (bahar, çeşme) sözlerinden gelip çykýar. Tumaryň simwolikasy türgenleriň hyjuwynyň Aýti-Nagoýada güýçli suw girdabyna öwrüljekdigine we şol ýerde ak ýürekden dörän duýgularyň arassa çeşme ýaly tutuş Aziýa ýaýrajakdygyna bolan ynamy beýan edýär.

Umuman alanymyzda, bu yklym sport çäresi 45 ýurda degişli bolan çäkli mümkinçilikli müňlerçe türgeni bir ýere ýygnar we olar sportuň 18 görnüşi (19 ugur) boýunça 489 medal ugrunda bäsleşerler.

Biziň ýurdumyzda sporty ösdürmek we mümkinçiligi çäkli türgenleri goldamak boýunça döwlet tarapyndan uly alada edilýär. Türkmenistan taryhda indi bäşinji gezek Aziýa Para oýunlaryna wekil iberýär. Bu gezek Ýaponiýada geçiriljek bu ýaryşlarda ýurdumyzyň adyndan üç sany agyr atletikaçy çykyş eder: Sergeý Meladze, Maýagözel Ekäýewa we Işkuwwat Çaryýew.

Häzirki güne çenli türkmen türgenleri Aziýa Para oýunlarynda 6 medal gazandylar – 2 kümüş we 4 bürünç. Bu ýaryşlaryň hormat münberine türkmenistanly türgenler soňky gezek 2018-nji ýylda Jakartada Sergeý Meladze 72 kg çenli agram toparynda bürünç medal gazananda çykdylar.

Related posts

UEFA Çempionlar ligasynda çärýek finala galan toparlar

Ata Watan Eserleri

3 minutda gazanylan ýeňiş

Türkmen türgenleri agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri