— Makalama şu sözbaşyny goýmagymyň öz sebäbi bar. Dogrusy, Abbas Mämmedowyň adyny gaty kän ýerde eşidýärdim, ýöne ol hakynda entek içgin öwrenmämsoň, onçakly köp maglumat bilemokdym. Arada «Atawatan» halkara žurnalynyň işgäri, kärdeşim Mähri:
— Gelneje, sazanda Abbas Mämmedowyň döredijiligi bilen bagly telegepleşik taýýarlajak bolýan. Siz ol barada gürrüň berip bilersiňizmi? — diýip jaň etdi.

— Jigim, Abbas Mämmedow hakynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gylyjow kän zatlar gürrüň berip biler, şol gaty köp halypalar hakynda bilýär — diýip, onuň telefon belgisini berdim. Ol:
— Gaýrat et gelneje, Jumamyrat aganyň ýanyna bile gidäýeliň-dä! — diýip haýyş etdi. Şonda tötänden Abbas Mämmedowyň gyzyna gabat geldim. Ol kakasynyň döredijiligi hakynda maglumat gözläp ýörendigini aýtdy. Onsoň Jumamyrat Gylyjowyň iş ýerine üç bolup bile gitdik. Ýolda ol özi bilen tanyşdyrdy:
— Men Abbas Mämmedowyň kiçi gyzy Hatyja. Özümden bäş ýaş uly 1980-nji ýylda doglan uýam bar. Fatimadan uly 1975-nji ýylda doglan Röwşen atly oglan doganym bardy, ýöne ol 2005-nji ýylda dünýeden gaýtdy. Yz ýany bilenem kakam ýogaldy — diýip, kakasy bilen bagly ýatlamalaryny gürrüň berdi:


— 2006-njy ýylyň 6-njy iýunynda kakamyň uly konserti bolmalydy. Ertirki konserte taýýarlyk görüp ýadaw halda öýe geldi. Bile agşamlyk edindik. Oglum Kemal jan kakamyň ilkinji agtygy. Ol Kemal jany gujagyna alyp: «Bolsa-da, oglumy alsa-da Alla jan maňa ogul berdi» diýip, bir salym oglumy göterdi. Özem biynjalyk ýagdaýda gaýta-gaýta sowuk suw içýä, garşy sowuk suwa ýuwunýa. Onsoň ynjalman:

— Kaka, bolmasa sowujak garpyz iýäýeli — diýip, ikimiz bile garpyz iýdik. Barybir ynjalygy ýok. Biraz wagt geçdi, sagada seretsem bir bolupdyr:
— Gije ýatar wagty boldy kaka, indi ýeriňe geçip dynjyňy al! — diýdim. Ol bolsa maňa zol-zol: «Bar gyzym, sen ýaş çagaly, ýeriňe geç-de özüň ukyňy al!» diýýär. Süňňüm syzýan ýaly kakamy ýeke goýup gidesim gelenok. Ahyry ejem, aýal doganym dagy ýatansoňlar, menem oguljygymy alyp: «Bolýa kaka, sen ýeriňe geçip ýatsaň gideýin» diýip ýerime geçdim. Ýaňy bir ýerime geçdim welin kakamyň «hyr-hyr» sesi eşidildi. Ylgap ýanyna bardyk. Aýal doganym lukman bolansoň, emeli dem berip kakamy özüne getirjek boldy, bolmady. Kakamyň gözlerime seredip galan keşbi şu mahalam surat bolup göz öňümde dur — diýip, damagy dolup dymdy. Biraz wagtdan ol biygtyýar syrygýan gözýaşyny sylyp gürrüňini dowam etdi:

— Şol günüň bir hepde töweregi öň ýanynda kakam oglumy gujagynda oturdyp bir saz eseriniň üstünde gaýta-gaýta işledi, ýöne eseriniň soňuny jemläp bilen däldir-dä: «Aý, bu eserimiň soňuny Kemal jan, soň özüň jemlemeli bolaýmasaň» diýip goýdy. Asyl bizi ömürlik kakasyz goýup gitjegini kakam jan öňünden duýan bolmaly — diýip ýene hamsykdy.

Hatyjadan kakasynyň gysgajyk terjimehalyny soradyk. Ol:
— Kakam Abbas Mämmedow 1954-nji ýylyň 25-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda doglan. Ilki Kaka etrabynyň 11-nji orta mekdebine okuwa barýar, ýöne kiçilikden aýdym-saza höwesiniň uludygyny atam pahyr duýup, ol kakamy sazçylyk mekdebe geçirýär. Atam pahyryň özi ýaşlygyndan saz çalypdyr, ýöne maşgala ýagdaýy sebäpli eklenç başyna düşüp aýdym-saz ugrundan okap bilmändir. Şeýlelik bilen kakam sazçylyk mekdepde tar saz guraly hünärinden başlangyç bilim alýar. Orta mekdebi gutaryp Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň tar fakultetine okuwa girýär. Bu ýerde okuwyny üstünlikli tamamlansoň, şol ýerde işini dowam etdirýär.

Ejeli-kakaly günler her kim üçinem ýakymlydyr. Meniň üçin bolsa has-da başgaça. Sebäbi ejemem, kakamam aýdym-saz sungatynyň wekilidi. Ejem Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölümini gutaran. Kakam şol ýerde okan döwri ejem bilen tanşyp, soňra-da halaşyp durmuş gurýar. Ejem pahyr öz otagynda fortepiano çalardy, kakam öz otagynda gitara, tar, klarnet saz gurallaryny çalardy. Öýmüz hemişe toý ýalydy. Günümiz şowhunly geçýärdi.

Aýal doganym lukmançylyk hünärini saýlady. Men bolsa aýdym-saz ugrundan höwes edýärdim. Käte kakamyň döreden aýdymlaryny özüne-de aýdyp berýärdim, ýöne näme üçindir kakam meniň aýdym-saz ugrundan gitmegimi islemedi. Kakam ýokary okuw mekdebini gutaransoň, halypasy Abulfat Bagirow kakamy Baku şäherine mugallym edip ugratjak bolýar, ýöne ejem göwnemänsoň, gidip bilmeýär. Jaýlary jennet bolsun! Kakam, ejem hemem doganym Röwşen Kakada ýerlendi. Kakamyň gubur daşyna onuň gitarasynyň suratyny, doganym pyçak ýasamagy gowy görerdi, onuň gubur daşyna pyçagyň suratyny çekdirdim.
— diýip ýatlady.

Hatyjanyň gözleriniň owasyny ýaşdan dolduryp oturşyna ýüregim gyýym-gyýym boldy. Göwünlik berip biraz köşeşdirdim. Ol:
— Gelneje, kakamyň arhiw ýazgylaryny, suratlaryny gözläp, ýygnap ýörün. Häzirlikçe 120 aýdymynyň bardygyny anykladyk, ýöne kärdeşleri: «Abbas halypanyň döreden aýdymlary 120-den köpdür» diýdiler. Esasy bir zada begendim, kakam jan muşdaklarynyň kalbynda ýaşaýan eken! — diýdi.

Hatyjanyň bu aýdan sözlerine şu makalany taýýarlaýarkam özümem anyk göz ýetirdim. Sebäbi Abbas Mämmedow hakynda gürrüň beren kärdeşleri onuň döredijiligine-de, adamkärçiligine-de diýseň uly baha berdiler. Şeýle-de onuň döredijiligine degişli aýdymlaryna hiňlenip, aýyl-saýyl tapawutlandyryp bermekleri, ol eserleriň nota ýazgysyny okan ýaly täsir etdi. Bir mahallar diňläp ýadymyzda galan, henize çenli kalbymyzda ýaşap ýören, häzirki günlerde-de ençeme ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilip teleradioýaýlymlarda, toýlarda aýdylýan belli aýdymlaryň Abbas Mämmedowyň döredijiligine degişlidigine gaýtadan anyk göz ýetirdik. Muňa subutnama hökmünde ilki bilen halypa aýdymçy Jumamyrat Gylyjow bilen söhbetdeş bolanymyzdaky gürrüňleri mysal hökmünde getirmegi makul bildik. Ol:

— Abbas Mämmedow bilen häzirki Türkmengaz döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde bile işledik. 2005-nji ýylda işe başlanymda ol eýýäm şol ýerde «Merdana» orkestrinde işläp ýördi. Men «Halk-saz gurallary» orkestrinde işledim. 2006-njy ýylda Abbas neresse dünýeden gaýtdy, bary-ýogy bir ýyl bile işledik, ýöne öň onuň bilen bile toýlara gidýärdik. Degişgen, göwni açyk, gaty onden gorujilikli we duygurlyk ýumşak häsiýeti bardy. Halkymyzyň arasynda «Nuryşka» diýip tanalýan wäşi artist Nurmuhammet Nazarowyň degişmelerini edil özi ýaly agzyna öýkünip aýdardy. Arakesme wagtymyz dynç alanymyzda Eneş Rejebowa dagy bilýändir, kärdeşler bolup Abbas Mämmedowyň degişme gürrüňlerini diňläp hezil ederdik.

Halypamyz Abbas Mämmedow barada ýatlanymda ilki bilen şular ýadyma düşýär. Ýogalmazynyň öňki güni onuň bilen iň soňky gezek duşuşygymyz boldy. Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda ertir uly konserti bolmalydy. Onuň döreden aýdymlaryndan men bir aýdymyny, Eneş Rejebowa bir aýdymyny, Akmyrat Nurberdiýew bir aýdymyny, garaz, beýleki aýdymçylaram ýerine ýetirmelidi. Orkestr bilen alty-ýedi sany saz eserem konsertde ýaňlanmalydy. Neresse: «Gaýrat ediň oglanlar, ertir konserti gowuja alyp çykalyň!» diýip, uzyn gün türgenleşik geçip taýýarlyk gördi. Abbas halypanyň özi orkestrde tar saz guralyny çalýardy. Onuň orkestrde ýerine ýetirýän aýratyn bir solosy bardy. Türgenleşik geçip durkak birden ol orkestrde sazandarlyk edýän skripkaçy gyz Tanýa ýüzlenip: «Tanýa, meniň şu çalýan bölegimi sen pugta öwren» diýdi. Tanýa geň galyp:
— Näme üçin, siziň özüňiz çalýaňyz ahyry? — diýip, sowal berdi welin:
— Birden ertir siz çalmagyňyz mümkin — diýdi.
Orkestriň ýolbaşçysam Arslan Babaýewdi. Ertir sagat on birlere teatra konsert bermek üçin bardym. Teatryň öňünde Arslan Babaýew keýpsiz halda ýüzüni aşak salyp dur.
— Eýgilikmi? — diýdim:
— Abbas Mämmedow dünýeden gaýtdy — diýdi. Duýdansyz ýagdaýdaky ajy habara doňup galdym. Kärdeşler bolup öz ýanymyzdan: «Ile syr bildirmän degşip-gülşüp ýören bolsa-da Abbas halypa ýalňyz oglunyň ölüminiň juda agyr düşendigine göz ýetirdik. Kerim şahyryň:
«Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatynda mele ýere sümüp git» diýeni. Başyňa düşmesin» diýip gaty gynandyk. Şol gün onuň konsertini nähili geçirenimizi bilmedik.

Ol juda zehinlidi, döredijiligi baýdy. Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýewiň: «Atabaýyň aýdymlary» diýdirip, aýdan aýdymlarynyň elli-altmyş göterimi Abbas Mämmedowyň döredijiligine degişli. Döredijilikde ýerine ýetiriji ussat bolanda, diňleýjiler şol aýdymlary öz döredijiligine goşup «pylan bagşynyň» ýa-da «pylan aýdymçynyň» aýdymy diýip kabul edýärler. Atabaý halypanyň özem köp aýdan aýdymlarynyň Abbas Mämmedowyň döredijiligine degişlidigini aýdardy — diýip gürrüň berdi. Okyjylara, aýdym-saz söýüjilere anyk delil hökmünde aýtmak maksady bilen Jumamyrat Gylyjowdan haýsy aýdymlaryň Abbas Mämmedowyň döredijiligine degişlidigini soradyk. Ol:

— «Şadyýan gözel», «Maralym», «Aý gyz, ykbal ýaman eken», «Güljanym», «Seniň gözleriň», «Söýgülim», «Oýanmaz», «Gülälek», «Gunça», «Hatyja» Oýanmaz,Aknabadym, Now bahar ýazy oýanmaz ýene-de kän aýdymlary bar. Abbas halypanyň şol bir goşga biri-birine meňzemeýän iki saz eserini döredip ýazan aýdymlary-da bar. «Maral gyz», aýdymy halk aýdymy ýaly heňde-de aýdylýar, estrada görnüşde-de aýdylýar, ikisem Abbas halypanyň döreden sazlary — diýip, hiňlenip düşündirdi-de:
— Halypalar Amanmyrat Agaýew, Juma Orazow, Hojamyrat Ataýew dagy Abbas halypa bilen bile işlediler. Olaram Abbas Mämmedow hakynda kän zatlar gürrüň bererler. Şo döwürde bagşy-sazandalar bassaş däl-de, bir-biri bilen her toýa täze aýdymly barmak-da bäsleşerdiler. Abbas halypa täze-täze aýdymlary döredýärdi. «Ogulsapar», «Aýtäç», «Öz obamyň Maýasy» başga-da kän. «Öz döreden aýdymlarymyň sanynyň näçedigini bilemok» diýip, menden käbir aýdymlarynyň sanawyny ýazyp aldy. «Ýaşlyk edip şol aýdymlaryň köpüsiniň sözlerini ýazan awtorynyň adyny bellemändiris. Diňe toýda çykyş edilensoň, o zatlar gerekdir öýtmändiris» diýdi. Onuň ene hakynda döreden kän aýdymlary bar, ýöne özüniň aýdym aýdanyny bilemok, öwredende hiňlenip düşündirerdi. Özi tar hünäri boýunça ýokary bilim alan, ýöne gitara, klarnet saz gurallarynam çalardy. Adamkärçiligi barada aýtsam, belent adamkärçiliklidi. Degişgendi, ýumşak häsiýetlidi. Öz başdan geçirenleriniň özi taryhdy.

Ýanymda gitara çalýardy. Bile oturýardyk, teleýaýlymda bile çykyş edýärdik. Ýerine ýetirýän aýdymlarymyň haýsy notadan barmaly ýerlerini öwrederdi. «Gözelim» aýdymy öwrenýärkäm ilki Atabaý halypa, soňra Abbas halypa diňletdim. «Daşymy gurşady söýgiň kerebi» diýip aýtdym welin, Abbas halypa diňläp: «şeýleräk aýt» diýip hiňlendi. Özi aýdanda «kerebiň özüni janly ýagdaýda sesi bilen aýlady goýaýdy. Şonda Abbas halypanyň talapkärligine, öwrediş mekdebine hasam göz ýetirdim — diýip ýatlady. Jumamyratdan telefon belgisini alyp, Abbas Mämmedowyň şägirtleriniň biri Juma Orazow bilenem maşgala ojagynda söhbetdeş bolduk. Ol:

— 1976-1977-nji ýyllardy. Abbas Mämmedow garry öýmüziň ýanyna maşgalasy bilen goňşy bolup göçüp geldi. Şo mahal onuň iki sany çagasy bardy. Abbas halypadan ýaşym kiçi. Men 1962-nji ýylyň başynda doglan. Kiçiligimden obamyzdaky bagşy Japar Hojanepesowdan dutar çalmagy öwrenip ýördüm. Her gün öýde dutar çalýan. Goňşymyz bolansoň, Abbas Mämmedowlaň öýlerinden klarnediň owazy eşidilýärdi. Bir gün irden daş çykdym welin, Abbas Mämmedow daşarda gabat geldi. Ol elini bulap: «Gel, bärik» diýip ýanyna çagyrdy-da: «Dutar çalýaňmy?» diýip sorady.

— Hawa — diýdim. «Onda, sen bize gerek adam» diýdi. Şeýdip onuň bilen tanyşdyk. Soň onuň ýanyna gatnap başladym. Ol maňa: «Aýdymda «takyk» diýen bir zat bardyr, eger «zatakyk» bolsa, onda men seniň ýerine ýetirijiligiňi halamaryn» diýip, turuwbaşdan aýdym-saz sungatyndaky iň kyn zatlary öwredip başlady. Soňra ol Atabaý Çarygulyýew bilen topar döretdi, menem Atabaýyň ilkinji okuwçysy. Abbas halypa maňa professional ýerine ýetirijiligiň ussatlyklaryny öwretdi. Türkmençilikde aýdylyşy ýaly aýtsam sungat ýolunda men onuň mekdebini geçip «güjükligime dalandym». Abbas Mämmedowyň senet ussaçylygyndanam başy çykýardy. Tar saz guralymy hamlap beripdi. Garaz, Abbas Mämmedowyň halypalygynda kän aýdymlary öwrendim. Bile toýa gidip ugradyk. Soň harby gulluga gitdim. Iki ýyllap görşüp bilmedik. Gullukdan gelýänçäm Abbas Mämmedowlar başga ýere göçüpdirler. Onsoň men özüm topar döretdim. Onuň bilen tä 1991-nji ýyla çenli bile toýa gitdik. 1987-nji ýylyň 8-nji mart baýramçylygynda ilkinji gezek Abbas Mämmedowyň Kemine şahyryň sözlerine döreden:
«Ogryn-ogryn gözleýişiň,

Ot saldy jana söwdügim»…diýip başlaýan «Söwdügim» diýen aýdymyny ýerine ýetirdim. Ol aýdymy soň beýleki halypalar ýerine ýetirdiler, häzirki günlerde-de kän aýdymçylar teleradioýaýlymda ýerine ýetirýärler. «Alagaýyşly» festiwaly geçirilende-de Abbas Mämmedowyň döreden: «Seniň gözleriň, gözleriň» diýen aýdymy bilen gatnaşyp ýeňiji boldum. Atabaýyň aýdan aýdymlarynyň 60 göterimi Abbas halypanyň aýdymlary. Abbas halypany doganym ýaly görýän. Iýenimiz aýry gitmedi. Köplenç öýlerine barardym. Uly oglumy Abbas Mämmedow gujagynda kän göterendir. Oglumyň saçlary bugur-bugur bolansoň, oňa: «Puşkin, gel gujagyma» diýerdi. Ol kino görüp otyrka-da aýdym döredip bilýärdi. «Aýtäç» atly aýdymy oglanlar bolup üýşüp «Kawkaz ýesiri» filmi görüp otyrkak döredipdi.
Özi öňki sungat institutynda tar hünäri ugrundan Abulfat Bagirow diýen belli tarçynyň elinde okady. Bir gezek Abbas Mämmedow bilen Nebitdaga häzirki Balkanabat şäherine konserte barýardyk. Saz gurallarymyzy, ses gataldyjy enjamlarymyzy ýükläp, ulagymyzyň yzyna tirkeg dakanymyz üçin Gyzylarbatda bizi ýol gözegçi saklady. Şonda Abbas halypa kärdeşimiz Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarowa jaň edip kömek sorady. Ýagdaýy düşündirip Toýguly aga kömek berdi. Abbas halypa Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde Toýguly Jepbarow bilen bile okandygyny aýtdy. Soň Toýguly aga hukuk ugrundan, Abbas halypa-da sungat institutynda okaýar. Abbas halypanyň elinden kän talyplar sapak aldy. Haçan iş ýerine barsaň ol ýa Daşoguzdan, ýa Lebapdan oglanlar bilen sapak geçip oturardy. Abbas halypanyň häsiýeti öte synçydy. Şol häsiýeti maňa-da geçipdir. Özem islendik adam bilen dil tapyşyp bilýärdi. Adamyň içki dünýäsini gözünden okap bilýän duýgurdy. Jomartdy, öňdengörüjiligi bardy. Maňa: «Ýerin bilip sözleseň ýüzüň nury dökülmez» bagşym, köp ýerde diňleýji bolgun» diýerdi. Arassa geýinmek barada ündärdi. Atabaý halypa maňa: «şägirt jan» diýse, Abbas halypa: «Bagşym, Juma jan» diýerdi. Mähirlidi, salyhatlydy. Iň soňky gezek öýlerine oglunyň ýyl sadakasynda bardym. Irden sagat dokuzyň ýarynda men bardym, menden soň kärdeşim Töre Şabasanow bardy. Bir salym oturyp gaýtjak bolýan welin, Abbas halypa: «Entek gaýtmaý-da» diýip goýberenok. Sagat 13:30 — ikiň ýaryna çenli oturyp ahyry gaýtmakçy boldum. Ol meniň bilen hoşlaşanda hemişe: «Saglykda görşeli, bagşym!» diýerdi. Bu gezek ol: «Hoş onda» diýdi. Ulagymy işledip ýolda gelýärkäm öz-özüm: — Näme üçin ol maňa: «hoş onda» diýdikä? — diýip, onuň hoşlaşygyny halamadym. Iki hepde ýaly wagt geçdi. «Abbas ýogaldy» diýen habar eşidildi. «Wah:eý, ol meniň bilen hoşlaşan eken-ä» diýip içimi gepletdim. Neresse: «Bagşym, seniň ne obyçnyý usluhyň bar. Öwredenimi bir gezekde alýaň. Dutar çalanyňda ortaky barmagyň bilen edýän hereketiňi taryň perdelerinde-de ulanyp edýän tilsimleriň gaty täsin owaz berýär» diýerdi. Bile toýa gidenimizde menden göwni hoşal bolardy. Sebäbi hemişe sesimi gorap gezýärdim, iýmesiz-içmesiz zatlardan saklanýardym» diýip, kän ýatlamalary gürrüň berdi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan artisti Amanmyrat Agaýew bilen jaňlaşdyk. Ol:
— «Abbas Mämmedow hakynda ýatlama ýazjak» diýdiňiz welin, şeýlebir begendim, ömrüňiz uzak bolsun! Iki-üç günlükde-de öz-özüm ol barada pikir etdim. Men ol barada kän zat aýdyp bilerin. Ol maňa aýdym aýtmagyň inçe tilsimlerini çintgäp-çintgäp öwretdi. Aýdymyň sözlerini dogry aýtmagy ussatlyk bilen düşündiren halypa. Men onuň gaty kän aýdymlaryny aýtdym, häzirem şol aýdymlary aýdyp ýörün. Ol menden on ýaş uludy, özem sungat institutynda mugallym bolup işleýärdi. Geçen asyryň 1983-1984-nji ýyllarynyň gürrüňi bu. «Aýgözelim», «Sähra gülleri» we başga-da kän aýdymlary bar. Onuň döreden aýdymlarynyň labzynda üýtgeşik süýjüligi bar. Diňläniňden tanap bolýar. Kän ýyl bile işleşdik. 20 ýaşlarymdadym. Ol maňa uly märekede özüňi nähili alyp barmagy, adamlar bilen gürleşeniňde uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşmegi öwretdi. O mahallar toýlarda çalynýan saz gurallaryň ählisi janly sesde çalynýardy. «Depgini çalt aýdylýan aýdymlar bolsa, howlukman sözleriň halka düşnükli bolar ýaly aýt» diýerdi. Adamkärçiligi barada aýtsak belent adamkärçiliklidi. Ýogalmazynyň bir aý öň ýany «Tar saz senedimi ugrukdyryp ber» diýeýin hemem bile toýa gidýän toparymyza goşulmagyny haýyş etmek üçin öýlerine bardym. Gapysyny kakdym welin, goňşulary Rejep çykyp: «Iki-üç gün bäri Abbasy göremok» diýdi. Onsoň yzyma gaýtdym. Nesibe däldir-dä, soňam onuň «dünýeden gaýtdy» habary eşidildi.
Atabaý halypa onuň döreden aýdymlaryny ölmez-ýitmez edip: «Atabaýyň aýdymy» diýdirip miras goýdy. Abbas Mämmedow ussat sazanda, zehinli kompozitor, uly harplar bilen GOWY ADAMDY — diýip aýdyp bolar — diýip baha berdi.
Gürrüňdeş bolan sungat wekillerimiz Abbas Mämmedow hakynda entegem kän adamlaryň biri-birinden gowy ýatlamalary aýtjakdygyny salgy berdiler, ýöne hemme gürrüňi bir makalada ýerleşdirmek mümkin däl. Geljekde ol barada Atawatan halkara žurnalynyň mediýa topary telegepleşik taýýarlamagy meýilleşdirýär. Kärdeşimiz Mähriniň bu işinde şowlulyk hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Akgül Saparowa
