Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary” atly aýdym-sazly dabara guraldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli türkmen toýy bilen bagly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlendi.
Hasabat döwründe Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde “Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy” atly ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän halkara bäsleşik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň konserti guraldy.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek, milli atçylyk mirasymyzy giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, “Sport” teleýaýlymynda “Bedew” atly täze gepleşik taýýarlanyp başlandy. Şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
