BILIM

Türkmen ýaşlary halkara bilim bäsleşiklerinde 1040 medal gazandylar

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1040 medal gazandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabatynda habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işine giňden ornaşdyryldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1040 medal gazandylar.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly dabaraly nyzamlar, ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle hem Ahal we Lebap welaýatlarynda täze bilim edaralarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Related posts

Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar

Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersiteti:“Açyk Gapylar 2023”

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty