BILIM

Gyrgyzystan Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Ministrligiň maglumatlaryna görä, Aşgabatdaky duşuşyk 2006-njy ýylda Daşkentde geçirilen duşuşykda başlanan döwletara dialogyň dowamydyr we 2012-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa bilim maksatnamasynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Bu platforma bilim ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, dil azlyklaryny goldamaga we milletara ylalaşygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Gyrgyzystanyň bilim ministriniň orunbasary Nadira Žusupbekowa «Köpdilli çemeleşmeler arkaly sebit hyzmatdaşlygyny we ýokary hilli bilimi ösdürmek» atly hasabat bilen çykyş edip, köp dilli bilim ulgamyndaky milli tejribäni we modelleri tanyşdyrdy.

Çykyşynyň dowamynda Gyrgyzystanyň dil dürlüligini möhüm durmuş-medeni baýlyk hökmünde, köp dilli bilimi bolsa okuwyň hilini ýokarlandyrmagyň, döwlet dilini ösdürmegiň we bilim almak üçin deň mümkinçilikleri giňeltmegiň guraly hökmünde görýändigi bellenildi.

Gyrgyz tarapy sebit hyzmatdaşlygyny üç ugur boýunça ösdürmegi teklip etdi: mugallymlary taýýarlamak üçin bilim maksatnamalaryny alyşmak, iki dilli we multimediýaly okuw materiallarynyň umumy sanly kitaphanasyny döretmek, şeýle hem bilim ulgamynda maglumatlary ýygnamak we gözegçilik geçirmek usullaryny kämilleşdirmek.

Bu başlangyçlaryň ÝHHG-niň, ÝUNISEF-iň, ÝUNESKO-nyň we beýleki hyzmatdaşlaryň goldawy bilen durmuşa geçirilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Mongoliýada ýokary hilli, inklýuziw we elýeterli bilimi ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenilýär.

Related posts

Harby institut okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasyna agzalyga kabul edildi

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Hytaýda okamak üçin resminamalar kabul edilýär