SPORT

Angliýada 51 metrlik aralykdan gol geçirildi

Angliýanyň Premýer-ligasynda soňky 9 ýylyň iň uzak aralykdan geçirilen goly derwezä girizildi. Angliýanyň «Braýton» toparynyň paragwaýly ýarymgoragçysy Diego Gomes 2017-nji ýyldan bäri Angliýanyň Premýer-ligasynda (APL) iň uzak aralykdan geçirilen goluň awtory boldy.

Bu barada “Opta” statistika portaly habar berýär.

«Braýton» ýekşenbe güni Angliýanyň Premýer-ligasynyň 7-nji tapgyrynda «Kristal Pelas» toparyny 5:0 hasabynda uly hasap bilen ýeňdi.

Duşuşygyň 7-nji minutynda Gomes meýdançanyň ortasyndan, ýagny 51 metr aralykdan topy garşydaşyň derwezesine girizdi.

Mundan ozal, 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Ueýn Runi «Ewerton» toparynyň düzüminde «West Hem» bilen geçirilen duşuşykda 58 metr aralykdan gol geçiripdi.

 

Related posts

Ýewro-2020: 19-njy iýundaky duşuşyklar

Ronaldo “Ýuwentusdan” gidip biler

Niko Uilýams “Atletiko” toparynda 10 ýyl galýar